Putin we Erdogan Soçide Gara deňiz däne söwdasy üstünde çekeleşýär

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin türk kärdeşi Rejep Taýyp Erdogan bilen. Arhiw suraty

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we Türkiýäniň lideri Rejep Taýyp Erdogan 4-nji sentýabrda Soçide BMG-niň araçylygynda baglaşylan Gara deňiz galla şertnamasyny dikeltmek meselesinde çekeleşmeli bolýar.

Moskwa iýul aýynda uruş döwründe Gara deňiz däne eksporty üçin howpsuz koridor döredýän şertnamanyň möhletini uzaltmakdan ýüz öwürdi.

Russiýa Ukrainanyň günbatarly tarapdarlarynyň uruş sebäpli girizen sanksiýalarynyň öz däne we dökün eksportyna bökdençlik döredýändiginden nägile bolýar.

Erdoganyň gepleşmäge eden kömegi netijesinde gazanylan ylalaşyk ukrain galla eksportynyň geçen tomusdan bäri dowam etdirilmegine we global üpjünçilik zynjyrynyň üzülmezlgine kömek etdi.

4-nji sentýabrda, Putiniň türk kärdeşi bilen duşuşmazyndan birnäçe sagat öň, rus pilotsyz uçarlary Ukrainanyň galla eksport edýän portuna hüjüm edip, ammarlary zaýalady, binalara ot berdi diýip, ukrain resmileri aýtdy.