Rahmonyň ogly kakasynyň ýanynda barha köp görünýär. Bu häkimiýetiň atadan ogla geçmeginiň golaýlaýandygyny aňladýarmy?

Emomali Rahmon we ogly Rustam Emomali

Täjigistany 34 ýyldan gowrak wagt bäri dolandyrýan Emomali Rahmon ogluny ýanyna alyp, köpçüligiň öňüne barha ýygy çykýar. Rustam Emomali diňe ýurtdaky resmi çärelere gatnaşmak bilen çäklenmän, daşary ýurtlara sapar edýär we beýleki döwletleriň ýolbaşçylary bilen gepleşik geçirýär. Ýakynda ol kakasy bilen bilelikde Duşenbä sapar eden Wladimir Putini garşy aldy we ugratdy. Putin Merkezi Aziýada uly täsirini saklaýan ýurduň ýolbaşçysydyr. Bu Rahmon bilen Putiniň bir aý hem geçmänkä ikinji duşuşygy boldy. Soňky wakalar geljek ýyl prezident saýlawlarynyň geçirilmegine garaşylýan ýurtda häkimiýetiň atadan ogla geçmek mümkinçiligi baradaky gürrüňleri güýçlendirýär.

Azatlyk Aziýa bilen söhbetdeş bolan bilermenler Rustam Emomaliniň köpçüligiň öňünde öňe çykarylmagyny ýurduň birinji wezipesini kakasyndan ogluna geçirmek üçin görülýän taýýarlygyň bir bölegi hasaplaýarlar. Olar henizem jogapsyz galýan soraglara hem ünsi çekýärler: 38 ýaşly Rustam Emomali syýasatçy hökmünde näderejede özbaşdak? Ol daşarky güýçleriň goldawyny gazanyp bilermi? Kakasynyň gönüden-göni howandarlygy bolmazdan, ýurduň içindäki täsirli toparlary gözegçilikde saklap bilermi?

Ata bilen ogul bilelikde

Soňky hepdelerde döwlet edaralarynyň metbugat gulluklarynyň paýlaşýan suratlarynda we wideolarynda Täjigistanyň lideri bilen onuň ogly barha köp bilelikde görünýär. Rustam Emomali Milli mejlisiň (parlamentiň ýokarky palatasynyň) başlygy we Duşenbe şäheriniň häkimi wezipelerini eýeleýär.

10-njy noýabrda Emomali Rahmon bilen Rustam Emomali Duşenbede Içeri işler ministrliginiň akademiýasynyň çäginde kollejiň açylyşyna gatnaşdylar. Şol ýerden olar ýurduň şäherlerinde we etraplarynda Içeri işler ministrligine degişli beýleki desgalary hem uzak aralykdan açdylar. Oktýabryň ahyrynda prezident bilen ogly paýtagtda kaşaň myhmanhanany, birnäçe önümçilik kärhanasyny we lukmançylyk merkezini açdylar. Ondan öň bolsa içgi öndürýän kiçi zawodyň işine badalga berdiler.

«Howar» döwlet habar gullugynyň habarlarynda ata bilen ogluň bilelikdäki çykyşlary olaryň wezipeleriniň we atlarynyň giňişleýin sanalmagy bilen berilýär. Adatça, habarlar şeýle sözler bilen başlanýar: «Milletiň lideri, hormatly Emomali Rahmon Täjigistan Respublikasynyň Ýokary mejlisiniň Milli mejlisiniň başlygy, Duşenbe şäheriniň başlygy, hormatly Rustami Emomali bilen bilelikde…»

Howpsuzlyk sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran döwlet teleýaýlymlarynyň biriniň habarçysynyň sözlerine görä, habar serişdelerine Rahmon bilen Emomalini her gün görkezmek ýa-da ýaýlymda agzamak maslahat berilýär. Ol olaryň prezidentiň ýa-da parlament başlygynyň gatnaşmagyny hökman talap etmeýän çärelere-de, mysal üçin, ýol çatrygynyň gurluşygyna badalga berilmegine gatnaşýandygyny belleýär.

Emomali Rahmon we ogly Rustam Emomali Duşenbäniň halkara hassahanasynyň açylyşynda. 2026-njy ýylyň 13-nji noýabry.

Daşary ýurtda ýaşaýan täjik bilermenleriniň biri Rahmon bilen oglunyň ýygy-ýygydan bilelikde görünmegini oýlanyşykly syýasy kampaniýanyň bir bölegi hasaplaýar. Ol Täjigistanda galan maşgalasynyň howpsuzlygyndan alada edip, adynyň aýdylmazlygyny sorady.

«Munuň häkimiýeti geçirmegiň golaýlamagy bilen baglydygy aýdyň. Oňa eýýäm on ýyl töweregi, belki-de, ondan hem köp wagt bäri taýýarlyk görülýär. Meniň pikirimçe, jemgyýet ony geljekki döwlet baştutany hökmünde görmäge kem-kemden öwrenişsin diýip, metbugat gullugy Rustam Emomalini kakasynyň ýanynda bilkastlaýyn has köp görkezýär. Şonda häkimiýetiň geçmegi tebigy ädim hökmünde kabul ediler» diýip, ol aýdýar.

Bilermen häkimiýetiň Rahmonyň diriliginde, mysal üçin, 74 ýaşly prezidentiň saglyk ýagdaýy ýaramazlaşan halatynda geçirilmeginiň mümkindigini aýdýar. Ol prezidentiň desgalary uzak aralykdan barha köp açýandygyny belleýär. Bilermeniň synlamagyna görä, köpçülikleýin çärelere gatnaşanda onuň uzak wagtlap aýak üstünde durmagy hem kynlaşýar.

«Bu Rustamy Täjigistanyň syýasy durmuşynda öňe çykarmak üçin oýlanyşykly alnyp barylýan işiň bir bölegi»diýip, amerikaly žurnalist we Merkezi Aziýa boýunça barlagçy Brýus Panniýer Rustam Emomaliniň kakasy bilen ýygy görünmegine teswir berýär. «Ony Täjigistanyň indiki prezidenti bolmaga taýýarlaýandyklary aýdyň. Täjigistanyň indiki prezidentiniň hut onuň boljakdygyna hemmeler düşünýär. Ol Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ähli prezidentleri bilen duşuşdy».

Panniýeriň pikiriçe, Rustam Emomali üçin Russiýanyň lideri Wladimir Putiniň we Hytaýyň başlygy Si Szinpiniň goldawyny gazanmak möhüm. Olar Merkezi Aziýada täsiri we orny uly bolan iki döwletiň ýolbaşçylarydyr. Şeýle hem oňa sebitdäki goňşy ýurtlaryň prezidentleriniň goldawy gerek bolar.

Goňşulardan sylaglar we sekiz günde Putin bilen iki duşuşyk

Noýabryň başynda Emomali goňşy Özbegistana resmi sapar etdi. Özbegistan Merkezi Aziýanyň iň köp ilatly ýurdy we Gazagystandan soň ikinji uly ykdysadyýetidir. Ol Daşkende we Buhara baryp, 4-nji noýabrda prezident Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Duşuşygyň netijesinde özbek lideri ony «Fidokorona xizmatlari uchun» – «Janypkeş hyzmatlary üçin» ordeni bilen sylaglady. Mirziýoýewiň metbugat gullugynyň habaryna görä, Rustam Emomali bu sylaga iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy we ýaranlygy berkitmäge goşan goşandy, şeýle hem parlamentara gepleşikleri giňeltmek boýunça alyp barýan işleri üçin mynasyp boldy.

Özbek lideri Rustam Emomalini «Fidokorona xizmatlari uchun» – «Janypkeş hyzmatlary üçin» ordeni bilen sylaglady.

Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek, söwdany we ýük daşamalaryny artdyrmak, senagatda, gurluşykda, energetikada, oba hojalygynda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk barada gürrüň etdiler.

Adynyň aýdylmazlygyny soran täjik bilermeni bu duşuşygy diňe parlamentara we ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň bir bölegi hökmünde görmeýär. «Rustam Emomaliniň 4-nji noýabrda Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşygy ilkinji duşuşyk däldi. Emma ony Daşkendiň onuň dalaşgärligini goldaýandygynyň alamaty hökmünde kabul edip bolar» diýip, ol hasaplaýar.

Özbegistanyň adyndan berlen orden Rustam Emomaliniň daşary ýurt döwletinden alan ilkinji sylagy däl. 2025-nji ýylda Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ony II derejeli «Dostyk» ordeni bilen sylaglapdy.

Emomali Rahmonyň noýabr aýynda Wladimir Putin bilen geçiren duşuşyklary hem Täjigistanda häkimiýetiň geçirilmeginiň golaýlap biljekdigi baradaky gürrüňlere sebäp boldy. Russiýanyň prezidenti Hytaýa saparyndan we Aziýa-Ýuwaş umman ykdysady hyzmatdaşlygy sammitine gatnaşmagyndan soň, 20-nji noýabra geçilýän gije garaşylmadyk ýagdaýda Duşenbä geldi. Bu iki lideriň sekiz günüň içindäki ikinji duşuşygydy. Ondan öň olar 12-nji noýabrda Moskwada Köpçülikleýin howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň sammitiniň çäginde söhbetdeş bolupdylar.

Rahmon bilen Putiniň gepleşikleri baradaky resmi habarlarda häkimiýetiň geçirilmek mümkinçiliginiň ara alnyp maslahatlaşylandygy agzalmady. Täjigistanyň prezidentiniň metbugat gullugy taraplaryň zähmet migrasiýasy we sebit howpsuzlygy barada gürrüň edendigini habar berdi. Russiýanyň habar gulluklary gün tertibinde Owganystan bilen serhetdäki ýagdaýyň we Russiýanyň 201-nji harby bazasynyň Täjigistanda mundan beýläk hem galmagynyň bolandygyny ýazdylar.

«Rahmon bilen Putiniň 12-nji noýabrdaky duşuşygynda häkimiýetiň kime geçjekdigi baradaky meseläniň gozgalan bolmagyny mümkin hasaplaýaryn. Rahmon üçin iki paýtagtyň, Moskwanyň we Daşkendiň goldawyny öňünden gazanmak möhüm» diýip, täjik bilermeni aýdýar.

Russiýanyň prezidentiniň özi 19-njy noýabrda, entek Hytaýdaka, Rahmon bilen, ilkinji nobatda, Owganystan barada maslahatlaşmak islänligi üçin Duşenbede saklanýandygyny aýtdy. Putiniň sözlerine görä, wise-premýer Alekseý Owerçugyň ýolbaşçylygyndaky rus wekiliýeti ýakynda Owganystana barypdyr. Ol saparyň netijeleri we hyzmatdaşlygyň geljegi barada gürrüň bermekçidigini aýtdy.

Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow 20-nji noýabrda Rahmonyň Putine owgan serhedindäki ýagdaý barada maglumat berendigini sözüniň üstüne goşdy. Peskowyň baha bermegine görä, Owganystanda Talyban häkimiýete gelenden soň, Täjigistan bilen Owganystanyň umumy serhedindäki ýagdaý öňünden çaklap bolýan ýagdaýa geldi. Russiýa Talybanyň hökümetini Owganystanyň resmi hökümeti hökmünde ykrar eden ýeke-täk ýurtdur.

Kreml üçin näme möhüm?

Owganystan bilen bagly meseleler we Russiýanyň harby güýçleriniň ýurtda bolmagy Moskwa bilen Duşenbäniň gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolmagynda galýar. 2005-nji ýyla çenli Täjigistanyň Owganystan bilen serhedini rus serhetçileri goraýardy. Soň bu wezipe täjik serhet goşunlaryna geçirildi. Russiýanyň häkimiýetleri serhetçilerini Täjigistana gaýtadan ibermäge taýýardygyny ençeme gezek aýtdylar, emma Duşenbe bu teklipleri kabul etmedi.

Russiýanyň 201-nji harby bazasy 2004-nji ýylda SSSR-iň Ýaragly güýçleriniň 1943-nji ýyldan bäri Täjigistanda ýerleşen 201-nji atyjy diwiziýasynyň esasynda döredildi. Häzir bazanyň bölümleri Duşenbäniň we Bohtaryň töwereginde ýerleşýär. Onuň ýurtda galmak möhleti 2042-nji ýyla çenli uzaldyldy.

Bu baza Russiýanyň daşary ýurtdaky iň uly guryýer harby bölümi hasaplanýar. Ozal onuň şahsy düzüminiň sany takmynan alty-ýedi müň diýlip çaklanýardy. Russiýanyň 2022-nji ýylda Ukraina giň gerimli çozuşyna başlamagyndan soň, Täjigistandaky rus harby gullukçylarynyň bir böleginiň urşa iberilendigi habar berildi. Bazanyň häzirki şahsy düzüminiň sany belli däl.

Bilermenleriň pikiriçe, şeýle şertlerde häkimiýet başyna gelip biljek mirasdüşeriň Moskwa bilen häzirki ylalaşyklary saklap-saklamajakdygy Kreml üçin aýratyn ähmiýete eýe.

«Rahmon prezidentlik wezipesini ogluna geçirmegi karar etse, Kremliň onuň bilen hyzmatdaşlyga taýýarlygy täjik syýasy elitasy üçin uly ähmiýete eýe bolar. Moskwanyň özi üçin bolsa esasy sorag geljekki prezidentiň Russiýanyň harby bazasy baradaky ylalaşyklary berjaý edip-etmejekdigi we howpsuzlyk ulgamyndaky ýakyn hyzmatdaşlygy nähili dowam etdirjekdigidir» diýip, asly täjigistanly analitik belleýär.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putini Duşenbäniň howa menzilinde Emomali Rahmon bilen ogly Rustam Emomali garşy aldylar.

Şol bir wagtyň özünde, ol daşarky hyzmatdaşlaryň goldawynyň häkimiýeti geçirmegiň diňe bir bölegidigini nygtaýar. Onuň baha bermegine görä, ýurduň içinde Rustam Emomali bilen bäsleşip biljek hakyky syýasy şahslar eýýäm galmady. Bilermen bu ýagdaýyň döremeginde Moskwanyň hem rol oýnandygyny hasaplaýar. Onuň pikiriçe, häkimiýet başyna geljek adam islendik ýagdaýda güýç edaralarynyň ýolbaşçylary bilen ylalaşmaly bolar.

«Şu nukdaýnazardan, Täjigistandaky häzirki ýagdaý maňa [ilkinji prezident] Yslam Karimow aradan çykanda Özbegistanda bolan ýagdaýy ýatladýar. Prezident maşgalasyndan başga-da, ýörite gulluklaryň we Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçylaryny häkimiýetiň geçirilmeginiň esasy gatnaşyjylary hasaplaýaryn. Meniň baha bermegime görä, Moskwa bu edaralara täsirini saklaýar we häkimiýete geljek islendik adam olaryň goldawyny gazanmaly bolar» diýip, bilermen belleýär.

Kakasynyň howandarlygynda häkimiýete geçmek

Brýus Panniýeriň aýtmagyna görä, Emomali Rahmonyň diriliginde häkimiýeti geçirmek Rustam Emomalä özbaşdak dolandyryş tejribesini toplamaga we prezidentliginiň ilkinji ýyllarynda kakasynyň goldawyndan peýdalanmaga mümkinçilik bererdi.

«Şonuň üçin Rustamyň kakasy dirikä, belki-de, eýýäm 2027-nji ýylyň prezident saýlawlaryndan soň prezident boljakdygyny pikir edýärin. Türkmenistanda hem şuňa meňzeş ýagdaý boldy: Gurbanguly Berdimuhamedow prezidentlikden gitdi we onuň ýerine ogly Serdar geçdi. Bu geçiş kynçylyksyz bolmady. Şol ýagdaýda uly Berdimuhamedowyň ogluna ýol görkezmek üçin onuň ýanynda galmagy kömek etdi» diýip, Panniýer belleýär.

Uly Berdimuhamedow 2022-nji ýylda wezipesini 40 ýaşly ogluna geçirdi. Ol häkimiýeti ýaşlara bermelidigini aýtdy. Şondan soň ýurtda möhletinden öň saýlawlar geçirildi we garaşylyşy ýaly, olaryň ýeňijisi Serdar Berdimuhamedow diýlip yglan edildi.

Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylda kakasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýerine Türkmenistanyň prezidenti boldy.

Wenada ýaşaýan, Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatullin Serdar Berdimuhamedowyň öňe çykarylmagynyň has öň başlanandygyny ýatladýar. Ol diplomatik ugurda işläp, Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky hemişelik wekilhanasynda wezipeleri eýeledi, parlamentiň agzasy boldy we hökümetde işledi.

«Moskwadaky [Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň] Diplomatik akademiýasynda okan döwrüni hasaba alsak, onuň ýokary galmagy eýýäm 2011-nji ýylda başlandy. 2016-njy ýylyň güýzüne çenli ol barada açyk maglumat azdy. Soňra, şol ýylyň ahyryna golaý, türkmen habar serişdeleri ony öňe çykaryp başlaýarlar we ol parlament saýlawlaryna gatnaşýar. Şonda ilkinji gezek parlamentiň deputaty saýlandy. Ondan soň tejribe toplasyn diýip, her ýyl ýokary wezipelere geçirilip başlandy» diýip, Tuhbatullin aýdýar.

2017-nji ýylda Serdar Berdimuhamedow halkara çärelere gatnaşyp başlady. Maý aýynda ol Kazanda geçirilen Halkara ykdysady sammitinde Türkmenistanyň wekiliýetine ýolbaşçylyk etdi we Tatarystanyň prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Bir hepde soň Newa ekologiýa kongresiniň çäginde Russiýanyň Federasiýa geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko onuň bilen duşuşdy. Şol ýyl ol Merkezi Aziýa döwlet baştutanlarynyň sammitinde Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew bilen hem duşuşyk geçirdi. Ýogsam, türkmen wekiliýetine resmi taýdan parlamentiň başlygy Akja Nurberdiýewa ýolbaşçylyk edýärdi.

«Ony halkara arenasynda tanadyp başladylar, türkmen habar serişdeleri bolsa Serdary ýurduň içinde hem mahabatlandyryp başlady» diýip, Tuhbatullin aýtdy.

2017-nji ýylyň sentýabrynda kiçi Berdimuhamedow deputat hökmünde Aziýa oýunlarynyň baýrakly orun alan türgenlerini sylaglady, soňra Kaka etrabynyň Duşak şäherçesinde lukmançylyk toplumyny açdy. Bilermen ozal deputatlaryň gurluşyk desgalaryny açmandygyny, munuň prezidente mahsus ygtyýarlyk bolandygyny belleýär.

Soňra yzygiderli täze wezipelere bellenmeler boldy: 2018-nji ýylda Serdar Berdimuhamedow daşary işler ministriniň orunbasary, 2019-njy ýylda Ahal welaýatynyň häkimi boldy. 2020-nji ýylda senagat ministrligine ýolbaşçylyk etdi, 2021-nji ýylda bolsa wise-premýer boldy. 2022-nji ýylyň başynda onuň prezidentlige dalaşgärligi hödürlendi, soňra ol bu wezipä geçdi. Kakasy syýasatdan doly çekilmedi. Ol ýurduň dolandyryş ulgamynda uly täsirini saklaýar we ýokary wekilçilikli edara bolan Halk Maslahatyna ýolbaşçylyk edýär.

Häkimiýetiň atadan ogla geçirilmegi ýene bir postsowet ýurdy bolan Azerbaýjanda hem amala aşyryldy. Ol ýerde 2003-nji ýylda prezident Geýdar Aliýew wezipesini ogluna galdyrdy. Saýlawlarda uly Aliýew şol wagt premýer-ministr bolan 42 ýaşly Ylham Aliýewiň peýdasyna döwlet baştutanlygyna dalaşgärligini aýyrdy. Ýurtda häkimiýetiň atadan ogla geçirilýändigini köpden bäri aýdyp gelýän oppozisiýa dagynykdy. Ol dolandyryş ulgamynyň ähli mümkinçilikleri elinde jemlenen kiçi Aliýewe garşy bäsdeş hödürläp bilmedi.

Geýdar Aliýew saýlawlardan iki aý soň aradan çykdy. Ogly bolsa henizem prezident bolup galýar. Resmi maglumatlara görä, Ylham Aliýew 2003-nji, 2008-nji, 2013-nji, 2018-nji we 2024-nji ýyllardaky saýlawlarda ýeňiş gazandy.

Rustam Emomali özbaşdak dolandyryp bilermi?

Rustam Emomali 26 ýaşyndaka, 2013-nji ýyldan bäri ýokary wezipeleri eýeläp gelýär. Ol Gümrük gullugyna, soňra korrupsiýa garşy göreş agentligine ýolbaşçylyk etdi. 2017-nji ýyldan bäri Duşenbäniň häkimi, 2020-nji ýyldan bäri bolsa Milli mejlisiň başlygy bolup işleýär.

Adynyň aýdylmazlygyny soran täjik bilermeni parlamentiň ýokarky palatasynyň başlyklyk wezipesiniň häkimiýetiň geçirilmek mümkinçiligi üçin aýratyn ähmiýete eýedigini aýdýar. Konstitusiýa görä, prezident aradan çyksa, wezipesinden çekilse ýa-da wezipe borçlaryny ýerine ýetirmäge ukypsyz diýlip ykrar edilse, onuň ygtyýarlyklary wagtlaýyn Milli mejlisiň başlygyna geçýär. Şeýle ýagdaýda prezident saýlawlary üç aýyň içinde geçirilmeli.

Bilermeniň pikiriçe, Duşenbäniň häkimligi Rustam Emomalä özüni «netijeli dolandyryjy» hökmünde görkezmäge mümkinçilik berdi. Onuň sözlerine görä, häkimiň elinde uly serişdeler, şol sanda paýtagtyň býujeti jemlenen. Onuň bu serişdelere edýän gözegçiligi hem öňki häkimleriňkiden has giň.

«Häzir onuň kakasynyň ýanynda barha köp görkezilmegi bilen bu keşbiň üstüne tutuş ýurt derejesindäki syýasatçynyň orny hem goşulýar. Men muny prezidentlige yzygiderli taýýarlyk hökmünde görýärin» diýip, bilermen aýdýar.

Rustam Emomali we kakasy Emomali Rahmon.

Şol bir wagtyň özünde, ol Rustam Emomaliniň özbaşdak syýasatçy hökmünde özüni görkezendigine şübhelenýär. Onuň baha bermegine görä, Rustamyň wezipe ýoly kakasynyň howandarlygy astynda geçdi, özbaşdak karar kabul etmek mümkinçilikleri bolsa çäkli boldy. Bilermen 2021-nji ýylda Gyrgyzystan bilen serhetdäki we 2022-nji ýylda Daglyk Badahşan awtonom welaýatyndaky krizislerde Rustam Emomaliniň özbaşdak çykyş etmändigini ýatladýar. Söhbetdeşiň pikiriçe, ol şol ýagdaýlardan öz syýasy täsirini berkitmek üçin peýdalanyp bilerdi.

Bilermen Rustam Emomaliniň güýç edaralarynyň, Içeri işler ministrliginiň we Döwlet milli howpsuzlyk komitetiniň ýolbaşçylary bilen gatnaşyklarynyň çylşyrymlydygy baradaky gürrüňleri hem agzaýar. Onuň çaklamagyna görä, prezidentiň ogly häkimiýete gelse, esasy wezipelere şahsy taýdan özüne wepaly adamlary belläp biler.

Emma onuň pikiriçe, esasy mesele häkimiýet başyndaky maşgalanyň öz içinde ýüze çykyp biler. «Elitanyň içindäki dawalardan gaça durup bilmez. Esasy serişdeleriň eýýäm paýlaşylan kiçi ýurdunda öz adamlarynyň ornuny berkitmek üçin, hatda iň ýakyn garyndaşlarynyň hem bu serişdelere elýeterliligini çäklendirmeli bolar. Olaryň garşylygyny nähili ýeňip geçjekdigine we güýç edaralary bilen gatnaşyklaryny nähili gurjakdygyna seredip, onuň häkimiýeti saklamak ukybyna baha berip bolar» diýip, bilermen hasaplaýar.

Brýus Panniýer hem kakasy gidenden soň Rustam Emomaliniň diňe resmileriň we elitanyň wekilleriniň däl, öz maşgalasynyň içinde-de garşylyga duş gelip biljekdigine ünsi çekýär.

«Onuň bir erkek jigisi we ýedi aýal jigisi bar. Uýalarynyň käbirleriniň ärleri hem täsirli adamlara öwrüldi. Özüne gözegçilik edip, goldap durjak kakasy bolmasa, Rustam birbada birnäçe tarapdan garşylyga duş gelip biler. Onuň ýurdy dolandyrmak ukyby henizem sorag astynda. Özbaşdak karar kabul etmek tejribesi ýok» diýip, Panniýer aýdýar.

Ol Rustam Emomaliniň syýasy tejribesini kakasynyňky bilen deňeşdirýär. Bilermeniň ýatlatmagyna görä, Emomali Rahmon 1992-1997-nji ýyllardaky raýat urşy döwründe häkimiýete geldi we dolandyryşynyň ilkinji bäş ýylynda ýurdy krizis şertlerinde dolandyrmak tejribesini toplady.

«Rustam adamlaryň kakasyndan gorkýandyklary üçin öz buýruklaryny ýerine ýetirmegine öwrenişdi. Kakasynyň goldawy bolmasa, adamlary hyzmatdaşlyga çekmek oňa kyn düşüp biler» diýip, Brýus Panniýer hasaplaýar.

Bilermen Rahmonyň häkimiýeti gözegçilik astynda geçirmegi saýlap biljekdigini aýdýar. Şeýlelikde, ol oglunyň ýanynda galyp, täsirli toparlaryň garşylygyny ýeňip geçmäge kömek edip biler.

Emomali Rahmonyň özüniň şeýle ýagdaý üçin näderejede taýýardygy baradaky sorag açyk galýar. Adynyň aýdylmazlygyny soran täjik bilermeni prezidentiň ogluna maşgalanyň içindäki bähbitleri sazlaşdyryp biljek adam hökmünde entek doly ynanmaýan bolmagynyň mümkindigini belleýär. Onuň pikiriçe, geljekki döwlet baştutany häzirki wagtda prezident maşgalasynyň beýleki agzalarynyň dolandyrýan maliýe we dolandyryş serişdelerini täzeden paýlamaly bolar.

«Täze ýolbaşçy bu serişdeleri öz adamlarynyň, özüne wepaly adamlaryň arasynda paýlamaly bolar. Emlägiň hem, serişdeleriň hem täzeden paýlaşyljakdygy aýdyň. Bu diňe wagt meselesi. Muňa hemmeler düşünýär. Bu olaryň geljekde ýüzbe-ýüz boljak örän uly kynçylygy ýa-da meselesi» diýip, bilermen sözüni jemleýär.

Merkezi Aziýada häkimiýetiň maşgalanyň içinde geçirilmek mümkinçiligi diňe Täjigistanda ara alnyp maslahatlaşylmaýar. Özbegistanda hem prezident Şawkat Mirziýoýewiň uly gyzy we administrasiýasynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewanyň kakasynyň ornuna geçip biljekdigi aýdylýar. Häkimiýetiň «miras boýunça» geçirilmegi syýasy elitalara durnuklylygyň alamaty ýaly görünse-de, şeýle nusga jemgyýet we döwlet üçin töwekgelçilikleri döredýär diýip, daşary ýurtdaky oppozision birleşmä wekilçilik edýän Täjigistanyň Milli bileleşiginiň başlygy Muhiddin Kabiri hasaplaýar.

«Bu geljekki nesiller üçin çynlakaý yşarat: ukybyna, maksatlaryna we maksatnamalaryna garamazdan, Merkezi Aziýada häkimiýet başyndaky maşgalalara degişli bolmadyk hiç kim syýasy, hatda ykdysady wezipä hem dalaş edip bilmez» diýip, Kabiri Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna beren söhbetdeşliginde aýdýar.

Muhiddin Kabiri bu ýagdaýy beýleki ýurtlarda täsirli maşgalalara degişli bolmadyk adamlaryň mümkinçilikleri bilen deňeşdirýär: «Amerikada migrantyň ogly, musulmanyň ogly senator saýlanyp biler. Emma Merkezi Aziýada adamlar öz watanynda, haýsydyr bir häkimiýet başyndaky maşgala bilen baglanyşykly bolmasalar, şeýle mümkinçilikden mahrum».