Ratko Mladiç: genosid etmekde günäli tapylan "Bosniýanyň gassaby"

Bosniýaly serbleriň uruş döwründäki serkerdesi Ratko Mladiç (1993-nji ýyldaky suratda) 1992–1995-nji ýyllardaky Bosniýa urşunda amala aşyrylan genosidde we adamzada garşy jenaýatlarda halkara kazyýeti tarapyndan günäli tapylypdy. Mladiç 84 ýaşynda aradan çykdy.

1992–1995-nji ýyllardaky Bosniýa urşunda amala aşyrylan genosid we adamzada garşy jenaýatlar üçin halkara kazyýeti tarapyndan höküm edilen, bosniýaly serbleriň uruş döwründäki serkerdesi Ratko Mladiç 84 ýaşynda aradan çykdy.

Serbiýanyň RTS döwlet teleradiokompaniýasy 27-nji awgustda onuň birnäçe gezek insult geçirenden soň, Gaagadaky türme hassahanasynda aradan çykandygyny habar berdi.

Niderlandlarda ýerleşýän Öňki Ýugoslawiýa boýunça halkara jenaýat tribunaly (ICTY) 2017-nji ýylda Mladiçi genosid boýunça bir, adamzada garşy jenaýatlar boýunça bäş we uruş jenaýatlary boýunça dört aýyplamada günäli tapdy. Bu oňa aýyplama bildirilenden 20 ýyldan gowrak wagt geçensoň boldy.

Pidalaryň we beýleki adamlaryň arasynda «Bosniýanyň gassaby» diýlip tanalýan Mladiç 1995-nji ýylda Srebrenisada 7 müňden gowrak erkegiň we oglan çaganyň köpçülikleýin öldürilmegini buýurmakda günäli tapyldy. Bu Ikinji jahan urşy tamamlanandan bäri Ýewropada amala aşyrylan iň agyr gyrgynçylykdy.

ICTY-nyň hökümi çykarylandan soňky maglumatlara görä, Srebrenisadaky gyrgynçylygyň pidalarynyň sany 8 müňden geçýär.

ICTY Mladiçi Bosniýanyň paýtagty Saraýewonyň gabawa alynmagy we topa tutulmagy üçin hem jogapkär hasaplady. Halkara kazyýetiniň maglumatlaryna görä, adamzada garşy bu jenaýat 4 müň 548 bosniýaly esgeriň we 4 müň 954 parahat ýaşaýjynyň ölümine getirdi. Gabaw döwründe takmynan 50 müň adam hem ýaralandy.

ICTY Bosniýa we Gersegowinanyň serbleriň agdyklyk edýän düzüm birliginiň uruş döwründäki prezidenti Radowan Karajiçiň genoside we adamzada garşy jenaýatlara getiren syýasaty kesgitländigini, onuň baş harby serkerdesi Mladiçiň bolsa şol meýilnamalary durmuşa geçirendigini anyklady.

Mladiç we Karajiç gynamalar, gorkuzmalar, ilatyň zor bilen öýlerinden çykarylmagy hem-de köpçülikleýin öldürmeler arkaly Bosniýany serb däl ilatdan etniki taýdan arassalamaga gönükdirilen operasiýalaryň serkerdelik ulgamyna ýolbaşçylyk etmekde aýyplandylar.

Serb milletçileri we köp sanly bosniýaly serb tarapyndan gahryman hökmünde alkyşlanýan Mladiç 100 müňden gowrak adamyň heläk bolan 1992–1995-nji ýyllardaky Bosniýa urşunda bosniýaly serbleriň güýçlerine serkerdelik etdi.

ICTY 1995-nji ýylyň iýulynda Srebrenisa bosniýaly serbleriň güýçleriniň eline geçende, Mladiçiň sebitden gaçmaga synanyşýan bosnýak erkeklerini we oglan çagalaryny tutup ýygnamak hem-de öldürmek barada bosniýaly serbleriň goşunlaryna göni buýruk berendigini anyklady.

Kazyýet bosniýaly serbleriň güýçleriniň soňra pidalaryň jesetlerini Srebrenisanyň töweregindäki çet-gyrakdaky oba ýerlerine ýaýran köpçülikleýin mazarlarda gaýtadan jaýlap, genosidiň subutnamalaryny gizlemäge synanyşandygyny hem anyklady.

Srebrenisadaky gyrgynçylyk aýratyn sarsgyn döretdi, sebäbi Birleşen Milletler Guramasy bu şäheri Bosniýa we Gersegowinanyň beýleki ýerlerindäki uruşdan gaçýan bosgunlar üçin howpsuz gaçybatalga diýip yglan edipdi.

Tribunal 1992-nji ýylyň aprelinde başlap, üç ýyldan gowrak dowam eden Saraýewo gabawyna Mladiçiň ýolbaşçylyk edendigini anyklady.

Aslynda, Mladiçiň serkerdeligindäki goşunlar Saraýewony 1992-nji ýylyň aprelinden 1996-njy ýylyň fewralyna çenli — urşy soňlan Deýton ylalaşyklaryna gol çekilenden soň hem iki aýdan gowrak wagt — gabawda sakladylar. Şol döwürde bu häzirki zaman uruşlarynyň taryhyndaky iň uzak dowam eden şäher gabawydy.

Karajiç 2016-njy ýylda genosid, şol sanda Srebrenisadaky gyrgynçylyk bilen bagly aýyplamalarda günäli tapylyp, 40 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Onuň hökümden eden şikaýaty 2019-njy ýylyň martynda ret edildi we jezasy agyrlaşdyrylyp, ömürlik türme tussaglygyna öwrüldi.

Mladiç Serbiýanyň harbylarynyň, uruş döwründäki ýaranlarynyň we maşgalasynyň kömegi bilen 16 ýyllap tutulman gezdi.

Mladiçe meňzeýän adamy gören biriniň özüni tanatmazdan polisiýa habar bermeginden soň, ol 2011-nji ýylyň maýynda Serbiýanyň demirgazygyndaky Zrenýanin şäheriniň golaýyndaky Lazarewo obasynda tussag edildi.

2012-nji ýylyň maýynda kazyýet seljerişi başlanyndan bäri Mladiç boýun egmezçilik görkezdi we özüniň bigünädigini öňe sürdi. Kazyýet seljerişiniň başky döwürlerinde bir pursatda ol Srebrenisadaky gyrgynçylygyň pidalarynyň biriniň ejesine tarap bokurdagy kesmegi aňladýan yşarat etdi.

«Mladiç özüne tabyn ofiserleriň dolandyrmagynda birnäçe günüň içinde 7 müňden gowrak erkegiň we oglan çaganyň öldürilmegine getiren giň gerimli, oňat guralan operasiýany başlatdy» diýip, ICTY-nyň prokurory Dermot Grum kazyýet seljerişinde aýtdy.

«Amala aşyrylan jenaýatlar adamzadyň taryhynda mälim bolan iň elhenç jenaýatlaryň hataryna girýär. Olaryň arasynda genosid we adamzada garşy jenaýat hökmünde adamlary köpçülikleýin ýok etmek hem bar» diýip, kazyýet mejlisine başlyklyk edýän kazy Alfons Ori 2017-nji ýylyň noýabrynda Mladiçe çykarylan hökümiň gysgaça mazmunyny okap berende aýtdy.

«Bu erkekleriň we oglan çagalaryň köpüsi öldürilmegine garaşýarka sögünçlere, kemsitmelere we haýbatlara sezewar edildi, [serb] aýdymlaryny aýtmaga mejbur edildi we ýenjildi» diýip, Ori aýtdy.

ICTY-nyň baş prokurory Serž Brammerts hökümi «möhüm sepgit» diýip atlandyrdy. Sebäbi bu höküm Mladiçi onlarça müň serb däl adamyň lagerlerde tussaglykda saklanmagy üçin hem jogapkärçilige çekdi. Şol lagerlerde olaryň ençemesi ýenjilipdi we zorlanandy. Şeýle-de, höküm Bosniýanyň demografik kartasyny täzeden düzmek synanyşygynyň çäginde 1 milliondan gowrak adamyň mejbury göçürilmegi üçin hem Mladiçi jogapkär hasaplady.

Höküm yglan edilmezinden birnäçe minut öň Mladiç gaharly ýagdaýda: «Siziň aýdanlaryňyzyň hemmesi sap ýalan. Utanyň! Bularyň bary ýalan!» diýip gygyrandygy üçin kazyýet zalyndan çykarylypdy.

Höküm yglan edilenden soň, ejir çekenler we pidalaryň «Srebrenisanyň eneleri» toparynyň agzalary Mladiçiň özüne bildirilen aýyplamalaryň ählisinde günäli tapylmandygyna gynansalar-da, hökümiň ýaraşyga ýardam etjekdigine umyt edýändiklerini aýtdylar.

Srebrenisadaky gyrgynçylykda ýakynlaryny ýitiren maşgalalar Mladiç üçin hiç bir jezanyň ýeterlik däldigini aýtdylar.

«Ol müň gezek ýaşap, müň gezek ömürlik türme tussaglygyna höküm edilse-de, adalat şonda-da bolmazdy» diýip, Srebrenisadaky genosidde 42 garyndaşyny ýitiren Aýşa Umirowiç höküm çykarylmazyndan öň aýtdy.

Mladiçe çykarylan höküm 1990-njy ýyllaryň başyndaky Balkan uruşlarynda edilen jenaýatlar üçin jogapkärleri kazyýete çekmek maksady bilen 1993-nji ýylda Gaagada döredilen tribunalyň çykaran iň soňky hökümi boldy.

2021-nji ýylyň iýunynda Gaagadaky BMG kazyýeti Mladiçiň şikaýatyny ret edip, onuň ömürlik türme tussaglygy baradaky hökümini güýjünde galdyrdy.

Geçen ýyl BMG-niň uruş jenaýatlary boýunça tribunaly Mladiçiň saglyk ýagdaýy sebäpli gyssagly boşadylyp, Serbiýa iberilmek baradaky haýyşyny ret etdi. Kazyýet öz kararynda Mladiçiň saglygy bilen bagly näbellilikler bar hem bolsa, ýagdaýynyň durnuklydygyny we onuň Gaagadaky türmede alýan bejergisiniň kabul ederlikli derejededigini aýtdy.

Mladiç 1942-nji ýylyň 12-nji martynda şol wagt Horwatiýanyň Garaşsyz Döwletiniň çäginde bolan Kalinowikde doguldy. Bu döwlet Ikinji jahan urşy döwründe nasist Germaniýasynyň gurjak döwletidi.

Ýugoslawiýanyň Kommunistler bileleşiginiň agzasy bolan Mladiç harby karýerasyna 1965-nji ýylda Ýugoslawiýanyň Halk goşunynda başlady. Ol Ýugoslawiýa Federatiw Respublikasynyň dargamagyndan soň tutaşan Balkan uruşlarynyň dowamynda giňden tanaldy.