Saud Arabystany we Türkiýe Russiýa äkidilen ukrain çagalarynyň yzyna gaýdyp gelmegi barada ylalaşyk baglaşmaga çalyşýarlar. “Financial Times” bu habary öz çeşmelerine salgylanyp çap etdi. Olaryň maglumatlaryna görä, gepleşikler birnäçe aý bäri dowam edýär.
Araçy ýurtlar Ukraina we Russiýa amatly boljak eglişik ýollaryny tapyp, çagalaryň öz ýurtlaryna gaýtarylmagyny gazanmaga çalyşýarlar diýip, gazet ýazýar.
Riýad we Ankara konfliktdäki taraplar bilen gurulýan aragatnaşygyň ahyr netijede parahatçylyk gepleşiklerini geçirmek we urşuň bes edilmegi üçin ulanyljak kanallara öwrülmegine umyt baglaýarlar.
“Financial Times” gazetiniň iki çeşmesiniň beren maglumatyna görä, Moskwanyň resmi däl wekili hökmünde, rus telekeçisi Roman Abramowiç hem gepleşiklere gatnaşýar.
Ýesirleriň alyş-çalşygy ýa-da atyşygyň bes edilmegi barada öňki geçirilen gepleşiklerden tapawutlylykda, rus we ukrain resmileri bu ylalaşyk barada gönümel gepleşmeýärler. Bu ukrain çagalaryny yzyna gaýtarmak prosesiniň näderejede çylşyrymlydygyny görkezýär diýip, habarda bellenýär.
Alnyp barylýan gepleşiklerden habarly diplomatyň sözlerine görä, Saud Arabystany Kiýewiň gözegçilik etmeýän ýerlerinden alnyp gidilen ukrain çagalarynyň meselesi G20 ýurtlarynyň iýun aýynda Kopenhagende geçirilen ýapyk ýygnagynda hem gozgaldy. Günbatar ýurtlary Riýadyň ukrain çagalarynyň watanyna dolanmagy baradaky gepleşikleri mundan aňryk hem dowam etdirmegini goldaýarlar diýip, çeşme aýtdy.