Ronaldo “Arkadag” futbol toparyna garşy jogap oýnuna hem gatnaşmady

"Arkadag" "Al Nasr" bilen bäsleşýär. Arhiw suraty

AFK Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň “Al-Nassr” bilen “Arkadag” toparlarynyň arasyndaky ikinji oýun Saud Arabystanynyň toparynyň 1-0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” habar berýär.

Neşiriň ýazmagyna görä, ilkinji oýunda bolşy ýaly, “Al-Nassr” toparynyň oýunçylary meýdança esasy düzümde çykmady.

Hasap bäsleşigiň ikinji minutynda açyldy. Ýer eýeleri oýnuň galan wagtynda hem güýçli göründiler, myhmanlar bolsa mynasyp gorandylar diýip, TH ýazýar.

Kristiano Ronaldo oýun wagtynda görünmedi. Sadio Mane, Kingsli Koman, Marselo Brozowiç we Joao Feliks dagy bolsa, esasan ätiýaçlyk oturgyçlarynda galyp, bäsleşige tomaşa etdi. Diňe oýnuň ahyryna golaý Koman, Brozowiç we Feliks çalşyryjy oýunçylar hökmünde meýdança çykdy.

Aşgabatdaky oýundan tapawutlylykda, bu oýun ýerli janköýerleriň arasynda uly gyzyklanma döretmedi. Stadion oturgyçlarynyň köp bölegi boş galdy.

"Al-Nassr" liganyň çärýek finalynda göreşini dowam etdirer, "Arkadag" bolsa, şunuň bilen ýaryşdaky çykyşyny tamamlady diýip, habarda bellenýär.