Roýters: Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda ýaşur, aýak we agyz keseli ýaýraýar

Nowosibirsk. Rus maldarlary protest bildirýär

Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda ýaşur, aýak we agyz keseliniň ýaýraýandygy ýüze çykaryldy, ýurtda bar bolan waksina bu wirusa garşy ulanylanda netije bermeýär diýip, “Roýters” agentligi Hytaýyň Oba hojalyk ministrligine salgylanyp habar berýär.

Habar gullugynyň maglumatyna görä, Hytaý häkimiýetleri Gansu welaýatynda we Altaý daglary bilen serhetleşýän Sinszýan-Uýgur awtonom etrabynda iki sürüde ýokanç kesel ýokaşan haýwanlary ýok edýär. 6000-den gowrak iri şahly malyň 219-synda aýak we agyz keseli ýüze çykaryldy.

“Roýters” agentligi iri şahly mallarda kesliň SAT1 görünşiniň ýüze çykarylandygyny aýdyňlaşdyrýar; Hytaýda öndürilen waksinalar oňa garşy täsirsiz, sebäbi SAT1 serotipi ozal esasan Afrikada we Ýakyn Gündogarda hasaba alnypdy diýip, habarda bellenýär.

Mundan biraz öň, mallar köpçülikleýin gyrylanyndan soň, rus häkimiýetleri haýwanlara garşy sanjym önümçiligini täzeden gurmaga başladylar.

Wladimir Putin pasterelloza we ýaşur keseline garşy sanjymlary işläp düzýän kompaniýalary öz içine alýan ylmy-önümçilik birleşigini, “Russiýanyň biologiki senagat kompaniýasyny” döretmek baradaky permana gol çekdi.