Rus dronlary Odesada ýangyn turuzdy, Donetsk sebitine atylan toplar adam öldürdi

Odesada turan ýangyn

Russiýanyň 22-nji fewral güni giçlik amala aşyran dron hüjüminde Odesadaky raýat infrastrukturasy nyşana alyndy diýip, sebit häkimi aýtdy.

Oleh Kiper telegramda bu hüjüm netijesinde ýaralanan adamlaryň bolandygyny we olaryň sanynyň anyklaşdyrylýandygyny aýtdy. Sosial ulgamlarda ýerleşdirilen wideoda birnäçe binany gurşap alana çalym edýän ýangyn görkezildi.

"Russiýanyň pilotsyz uçarlarynyň eden hüjümi netijesinde Odesadaky raýat infrastrukturasynda ýangyn turdy, ýaraly bolanlar barada maglumat bar" diýip, Kiper “degişli gulluklaryň ählisiniň wakanyň bolan ýerinde, iş başyndadygyny” hem sözüne goşdy.

Ukrain goşuny biraz öň Russiýanyň uçuran birnäçe dron toparynyň Ukraina gündogardan we günortadan hüjüm edýändigini habar berdi.

Sebit häkimi Wadym Filaşkin gündogar Donetsk sebitine atylan rys toplarynyň azyndan bir adamyň ölümine sebäp bolandygyny aýtdy. Şeýle-de, Filaşkin dokuz adamyň, şol sanda dört sany ýaş adamyň ýaralanandygyny sözüne goşdy.

Ol bir oba 13 sany top okunyň gelip urandygyny we weýran edilen jaýlaryň suratlaryny çap edendigini aýtdy.

Russiýanyň Goranmak ministrligi biraz öň sebit paýtagty Donetskden 20 km günorta-günbatarda ýerleşýän Pobeda obasyny ele geçirendigini aýtdy. Uruşdan öň Pobeda obasynyň bary-ýogy onlarça adamdan ybarat ilaty bardy.

Ukrain harbylary ruslaryň bu beýanatyna hiç bir düşündiriş bermedi.

Rus harby blogçysynyň aýtmagyna görä, gaty kiçi bolmagyna garamazdan, Donetskiň günortasyndaky Wuhledara barýan esasy ýolda ýerleşýändigi sebäpli, bu obanyň taktiki ähmiýeti bar.

Ukrain goşuny biraz öň rus goşunlarynyň basylyp alnan Hersondaky türgenleşik meýdançasyna, Dnieper derýasynyň çep kenaryndaky Krynkada ukrain köprüsine hüjüm etmäge taýynlyk görýän rus güýçlerine zarba urandygyny boýun aldy. Bu şu hepde rus goşunlaryna urlan ikinji zarba bolup, köp sanly rus harbysynyň öldürilmegine getirdi.

Şol bir wagtda, Kiýew Russiýanyň goranmak ministri Sergeý Şoýgunyň rus güýçleriniň Krynkadaky ukrain köprüsini ele geçirendigi barada aýdanlaryny ret etdi.

"Nowaýa Kahowkanyň golaýyndaky türgenleşik meýdançasynda jemlenen rus goşunlaryna azyndan üç gezek zarba uruldy" diýip, Günorta Ukrainanyň Goranmak güýçleriniň metbugat sekretary Natalýa Humenýuk 22-nji fewralda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

"Rus goşuny eýýäm ele geçirendiklerini aýdýan köprülerine, Krynka hüjüm etmäge taýýarlanýar... Deslapky maglumatlara görä, ol ýerde [rus güýçleriniň] Dnieper toparynyň serkerdeleri hem bardy. Bu maglumat häzir hem barlanylýar" diýip, Humenýuk aýtdy.

Humenýuk “Suspilne” neşirine beren başga bir maglumatynda bu hüjümde azyndan 60 rus esgeriniň öldürilendigini aýtdy.

Ukrain goşunlary 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Dnieperiň sag kenaryndaky Herson şäherini we sebitiň galan bölegini azat etdi. Bu ýagdaý rus goşunlaryny derýanyň aňyrsyna çekilmäge mejbur etdi. Şeýle-de, Kiýew goşunlary geçen ýyl Dnieperiň çep kenarynda, Russiýanyň yzygiderli hüjüm edýän ýerinde kiçiräk köpri gurmagy başardylar.

Gürrüňi edilýän ukrain hüjümi, Hersondaky rus güýçlerine urlan zarba, aýdylmagyna görä, soňky günlerde köp sanly rus esgeriniň öldürilmegine sebäp bolan ikinji hüjüm boldy.

BBC-niň Rus gullugy 21-nji fewralda Moskwanyň basyp alan Donetsk sebitinde ýerleşýän türgenleşik meýdançasyna edilen ukrain hüjüminiň azyndan 60 sany rus harbysyny öldürendigini habar berdi.

Habarda aýdylmagyna görä, 20-nji fewralda urlan zarbadan öň, 36-njy motorly gwardiýanyň atyjylyk brigadasynyň harby gullukçylary hatara düzülip, 29-njy rus goşunynyň serkerdesi, general-maýor Oleg Moiseýewiň gelmegine garaşýardy.

Bu habara ne Russiýa, ne-de Ukraina düşündiriş berdi. Russiýa tarapdar sosial media serişdeleri harby eginbaş geýen adamlaryň onlarçasynyň jesedini görkezýän wideony we suratlary çap edip, Moiseýewi hüjüme sezewar bolan esgerleri açyk meýdanda hatara düzüp, özüne garaşdyrmakda aýyplady.

Ukrainanyň howa güýçleriniň metbugat wekili Ýuriý Ihnat 22-nji fewralda, Russiýanyň iki ýyl mundan ozal başlan urşundan bäri Ukrainanyň içindäki nyşanalara 8 müňden gowrak raketa tandygyny, 4630 pilotsyz uçar iberendigini, olaryň 3605 sanysynyň urlup gaçyrylandygyny aýtdy.

Ukrain goşunlary bir aýlap dowam eden ganly söweşden soň gündogar Awdiýiwka şäherinden çekilende, öňki prezident Dmitriý Medwedew Moskwada rus goşunlarynyň Ukrainanyň içindäki hüjümleriniň has ilerlediljekdigini aýdyp öwündi.

Urşuň iki ýyllyk senesiniň golaýlap gelýän wagtynda, Ukrainanyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklarynyň, adam güýjüniň ýetmezçiliginiň, has ösen ýaraglara we ok-därä mätäçliginiň arasynda, Medwedew Moskwanyň ukrain paýtagtyny basyp almaga ýene bir gezek synanyşyp biljekdigini yşarat etdi.

Rus goşunlary urşuň başynda, 2022-nji ýylyň fewralynda başlanan çozuşyň ilkinji günlerinde Kiýewiň eteginde berk garşylyga sezewar bolup, yza çekilmäge mejbur edilipdi.