2-nji awgustda, Russiýa Kiýewe we Odesa dron hüjümlerini edip, galla enjamlaryna zeper ýetireninden soň, tutuş Ukrainada howa hüjümi duýduryşy yglan edildi.
"Ukrainanyň ähli ýerinde raketa howpy bar" diýip, Ukrainanyň howa goragy telegramda howa hüjümi duýduryşyny yglan edende aýtdy.
Bu duýduryş bir günüň dowamynda edilen ikinji duýduryş bolup, Russiýanyň öten agşam Eýranda öndürilen “Şahed” pilotsyz uçarlary bilen ukrain paýtagtyna eden şowsuz hüjüminiň yz ýanyna gabat geldi.
Kiýewiň sebit häkimi Serhiý Popko telegramda "Howa nyşanalary, 10-dan gowrak pilotsyz uçar howa güýçleri tarapyndan wagtynda kesgitlendi we ýok edildi" diýip ýazdy.
"Ýaşalmaýan jaýlara we ýollaryň üstüne käbir derejede zyýan ýetdi, ýöne çynlakaý weýrançylyk ýa-da ýangyn bolmady” diýip, Popko aýtdy.
Pida bolanlar barada habar berilmedi. Sebit häkimi Oleh Kiperiň maglumatyna görä, Odesada rus pilotsyz uçarlary galla saklanýan desgalara hüjüm etdi.
"Hüjüm netijesinde port desgalarynda we sebitdäki senagat infrastrukturasynyň binalarynda ýangyn boldy we galla elewatoryna zeper ýetdi" diýip, Kiper telegramda ýazdy.
Ukrainanyň Gara deňizdäki esasy porty bolan Odesa, geçen aý Moskwa Türkiýe we BMG tarapyndan araçylyk edilen däne şertnamasyny uzaltmakdan ýüz öwreninden soň, rus toplarynyň we pilotsyz uçarlarynyň ençeme hüjümine sezewar boldy.
Däne şertnamasy ukran dänelerini we beýleki oba hojalyk önümlerini howsuz daşary ýurtlara ibermäge mümkinçilik berýärdi.