Rus goşunlary 6-njy aprele geçilýän gije Odesa şäherine uly hüjüm edip, üç adamy, şol sanda bir çagany öldürdi diýip, Ukrainanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça döwlet gullugy we şäheriň harby administrasiýasynyň başlygy Serhiý Lysak habar berdi.
Odesa sebit harby administrasiýasynyň başlygy Oleg Kiper 53 ýaşly aýalyň, 30 ýaşly aýalyň we onuň iki ýaş alty aýlyk gyzynyň ölendigini anyklaşdyrdy.
Onuň sözlerine görä, 15 adam ýaralandy, olaryň 13-si hassahana ýerleşdirildi.
Lysak iki ýaralynyň ýagdaýynyň agyrdygyny, sekiz adamyň, şol sanda iki ýaşly çaganyň, 17 we 18 ýaşly iki ýetginjegiň orta derejede ýaralanandygyny habar berdi.
Ol Primorsk etrabynda köp gatly ýaşaýyş jaýyna we ýedi hususy jaýa zyýan ýetendigini, Kiýew etrabynda bolsa bir köp gatly jaýa, bäş hususy jaýa, hususy çagalar bagyna, dükana we 27 awtoulaga zyýan ýetendigini aýtdy.
Gyssagly halas ediş işleri dowam edýär; adamlaryň harabalyklaryň aşagynda galan bolmagy mümkin. Döwlet gyssagly gullugy gözleg itleriniň hem getirilendigini aýtdy.
Ukrainanyň Howa güýçleriniň maglumatyna görä, Orsýet 6-njy aprele geçilýän gije Ukraina 141 sany hüjümçi dron bilen hüjüm etdi, olaryň 114-si urlup gaçyryldy.