Rus goşunlary Zaporižiýa sebitindäki Wolnýansk şäherine hüjüm edip, üç adamy öldürdi

Orsýetiň Zaporožiýa eden dron we raketa hüjüminiň netijeleri

Rus goşunlary 29-njy ýanwara geçilýän gije Zaporižiýa sebitindäki Wolnýansk şäherine hüjüm etdiler diýip, sebit harby administrasiýasynyň başlygy Iwan Fedrow habar berdi.

Onuň sözlerine görä, iki aýal we bir erkek wepat boldy, bir erkek bolsa ýaralandy.

Ukrainanyň Adatdan daşary ýagdaýlar gullugy ýarygije töwereginde hüjüm eden pilotsyz uçarlaryň zarbalarynyň şäheriň hususy sektoryna gönükdirilendigini anyklady. Ýedi sany hususy jaýa zyýan ýetdi, olaryň biri ýumruldy. Ýaşaýyş jaýynda 100 inedördül metre ýaýran ýangyn we gaz turbasyndaky ýangyn söndürildi.

Döwlet Adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň maglumatyna görä, Dnepropetrowsk sebitine urlan rus zarbalarynda iki adam ýaralandy, jemgyýetçilik merkezi, kofehana we awtoulaglar ýandy. Kriwý Rogda bir gatly bina we iki awtoulaga zyýan ýetdi.

Dronlar Odesadaky infrastruktura desgasyna hem hüjüm etdi. Şäher administrasiýasynyň başlygy Serhiý Lysagyň sözlerine görä, pida bolanlar barada habar berilmedi.

Ukrain howa güýçleriniň maglumatlaryna görä, öten agşam Ukraina 105 rus drony hüjüm etdi, olaryň 84-si zyýansyzlandyryldy.