Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki habar gulluklary Ukrainanyň günortasynda barýan dartgynly söweşlere gatnaşýan rus güýçleriniň taktiki taýdan yza çekilmeginiň buýrulandygy barada habar çap edip, soň ol habary derrew yzyna aldy.
13-nji noýabrda bolan waka Ukrainanyň düýpli harby operasiýasy barada berilýän habarlaryň köpelen wagtyna gabat geldi.
Berilýän maglumatlara görä, Herson şäheriniň gündogaryndaky Dnieper derýasyndan aňryk geçen ukrain güýçleri azyndan iki plasdarma gurdy we indi birnäçe hepde bäri rus hüjümleriniň öňüni alýar.
“Dnieper goşun topary has amatly ýerlere geçiriler" diýen sözbaşy bilen çap edilen maglumat 10 minut soňra, Russiýanyň RIA Nowosti habar gullugynyň Moskwa wagty bilen sagat 11-de, öz web sahypasynda ýazmagyna görä, goýbolsun edildi.
Aýrylan habarda aýdylmagyna görä, “Dnieper toparynyň serkerdesi häzirki emele gelen ýagdaýa baha berip, goşunlary Dnieperiň gündogarynadaky has amatly ýerlere geçirmek kararyna geldi. Bu topar, täzeden toplanandan soň, beýleki ugurlardaky hüjüm ediji güýçlerde ulanyljak güýçleriň bir bölegini boşadar."
TASS habar gullugy hem şuňa meňzeş habaryň aýrylandygyny habar berdi.
Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow iki habar gullugynyň çap eden habarlaryny ýatyrmagynyň sebäbi barada berlen soraga jogap bermekden ýüz öwürdi.
Emma Russiýanyň RBK habar saýty, Goranmak ministrliginiň habaryna salgylanyp, habaryň aýrylandygy baradaky habaryň “ýalandygyny” aýtdy we "prowokasiýa" bolandygyny öňe sürdi.
Aýrylan habarlarda ulanylan sözler rus goşunlarynyň geçen ýyl, Ukrainanyň garaşylmadyk hüjümleri sebäpli, basylyp alnan Harkow we Herson sebitlerinden yza çekilen wagtynda berlen metbugat habarlarynda ulanylan sözleri gaýtalady.
Ukrain güýçleri, oktýabr aýynyň ortalaryndan başlap, Dnieper derýasyndan aşmak üçin batyrgaý tagalla etdiler. Olar geçen ýyl ruslary Dnieper derýasynyň günbataryndaky ýerlerden çekilmäge mejbur edipdiler, emma ruslar Herson şäherini we beýleki ukrain pozisiýalaryny derýanyň aňyrsyndan topa tutmagyny dowam etdirdiler.
Çap edilen habarlaryň aýrylmagy rus häkimiýetleriniň we metbugat wekilleriniň günorta Ukrainadaky söweş ýagdaýlary barada berilýän habarlar meselesinde dörän aljyraňňylygy görkezýär.
Uruşlary öwrenýän amerikan instituty 12-nji noýabrda ukrain güýçleriniň soňky günlerde Dnieper derýasynyň çep kenarynda, Herson sebitiniň häzirlikçe Russiýanyň gözegçiliginde galýan bölekleriniň käbirinde başlanan operasiýalarda "kiçiräk üstünlik" gazanandyklaryny habar berdi.
Ukrain güýçleri geçen ýylyň noýabr aýynda Hersonyň käbir böleklerini, şol sanda Dnieperiň günbatar kenarynda ýerleşýän Herson şäherini azat etdi.