Rus hüjümi Kiýewde 5000-den gowrak köp gatly jaýy ýylylykdan kesdi

Kiýew görnüşi

Kiýewe edilen rus hüjüminden soň 5635 köp gatly jaý ýylylykdan kesildi diýip, şäher häkimi Witaliý Kliçko habar berdi.

Onuň sözlerine görä, ýylylykan kesilen jaýlaryň tas 80 göterimi 9-njy ýanwarda ýylylygy dikeldilen jaýlar bolup durýar.

"Duşmanyň möhüm infrastruktura zyýan ýetirmegi sebäpli, düýn agşam 6000 jaýyň 16-sy ýylylykdan kesildi" diýip, Kliçko belledi. Mundan başga, hüjüm sebäpli, Kiýewiň çep kenary suw üpjünçiliginden kesildi diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Kiýew şäher administrasiýasy, Orsýetiň nobatdaky zarbalary netijesinde dörän kyn energiýa ýagdaýy sebäpli, gyzyl we ýaşyl liniýalardaky metro otlularynyň üýtgeşiklikler esasynda gatnajakdygyny habar berdi.

Kliçkonyň sözlerine görä, Dneprowskiý etrabynda ýaşaýyş jaýlary bolmadyk binalara hem zarba uruldy. Mundan başga, dron açyk meýdana hem gaçdy we awtoulaglary ot aldy. Şeýle-de, bir aýalyň ýaralanyp, hassahana ýerleşdirilendigi habar berildi.

Dnepropetrowsk sebit administrasiýasynyň başlygy Oleg Ganža hüjümler netijesinde iki aýalyň ýaralanandygyny habar berdi. Şeýle-de, onuň sözlerine görä, şäherde bir kärhanada ýangyn turdy, golaýdaky jaýlara we awtoulaglara zyýan ýetdi.