12-nji ýanwara geçilýän gije urlan rus zarbalary Odesanyň infrastrukturasyna zyýan ýetirdi. Peresyp etrabynyň bir bölegi elektriksiz galdy diýip, şäheriň harby administrasiýasynyň başlygy Serhiý Lysak habar berdi.
Deslapky habarlara görä, iki adam ýaralandy. "Häzirlikçe bir hususy jaýyň weýran bolandygy mälim. Başga-da dört adama şikes ýetdi" diýip, ol ýazdy.
Kiýewde, şäher häkimi Witaliý Kliçkonyň sözlerine görä, rus drony Solomýanskiý etrabynda bir jaýa urlup, ýangyna sebäp boldy. Ol jaýda adam ýaşamaýardy.
Şol etrapda urlan dronyň galyndylary ýaşaýyş jaýynyň golaýyna düşdi: partlama tolkuny penjire aýnalaryny döwüp, ýangyna sebäp boldy.
Dnepropetrowsk sebitiniň Nikopol etrabynda bir adam ýaralandy. Sebit administrasiýasynyň başlygy Oleh Ganžanyň sözlerine görä, dokuz sany hususy jaý, bir hojalyk jaýy, gaz geçiriji we elektrik geçiriji ulgamlara zyýan ýetdi.
11-nji ýanwara geçilýän gije, Orsýetiň prezidentiniň 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Ukraina garşy yglan eden giň gerimli urşunyň, dowamlylygy boýunça, Beýik Watançylyk urşy diýilýän uruş bilen deňleşen wagty boldy. Bu uruş häzir 1418-nji gününde.
Şol gijede Orsýet Ukraina 154 sany hüjümçi dron bilen hüjüm etdi, Ukrainanyň Ýaragly güýçleri olaryň 125-sini urup gaçyrdy.