Ukraina 30-njy ýanwar güni günortan, Russiýa pilotsyz uçarlar we raketa zarbalary bilen birnäçe sebite hüjüm edeninden birnäçe sagat soň, giň gerimli howa hüjümi duýduryşyny yglan etdi. Rus hüjümlerinde azyndan iki sany parahat adamyň öldürilendigi aýdylýar.
Ukrainanyň günortasyndaky Herson sebitiniň Weletenske obasynda bir erkek rus okundan ölüp, onuň aýaly ýaraly boldy diýip, sebit prokuraturasy 30-njy ýanwarda habar berdi.
Sebit häkimi Oleksandr Prokudin bolsa, rus güýçleriniň Dnieper derýasynyň aňyrsyndan Hersona 272 gezek top atandygyny aýtdy.
Gündogar Donetsk sebitinde, Russiýanyň Myrnohrad şäherçesini bombalamagy netijesinde, bir raýat öldi, beýlekisi ýaralandy diýip, sebitiň Ukrainanyň gözegçiligindäki böleginiň häkimi Wadym Filaşin 30-njy ýanwarda aýtdy.
Ukrainanyň howa goragy Russiýanyň 30-njy ýanwarda uçuran 35 pilotsyz uçarynyň 15-sini urup gaçyrdy diýip, harbylar biraz öň habar beripdi.
Howa güýçleriniň maglumatyna görä, Russiýanyň uçuran pilotsyz uçarlary Mykolaýiw, Kirowohrad, Dnipropetrowsk, Poltawa we Harkow sebitlerini nyşana aldy.
Şeýle-de, rus güýçleri Donetsk we Herson sebitleriniň raýat infrastrukturasyna uçara garşy ulanylýan raketalary, 10 sany S-300 raketasyny atdy diýip, harbylar bu ýerde ölen we ýaralanan adamlaryň bolandygyny habar berdiler, ýöne anyk maglumat bermediler.
Şu aralykda, Russiýanyň Goranmak ministrligi ýurduň howa goraglarynyň Moskwa tarapyndan eýelenen Krym ýarym adasynda we birnäçe rus sebitinde 21 sany ukrain pilotsyz uçaryny ýok edendigini ýa-da saklandygyny aýtdy.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken 29-njy ýanwarda Waşingtonda, NATO-nyň başlygy Jens Stoltenbergiň Kongres lobbisi üçin sapar edýän wagtynda, Ukrainanyň basybalyjy rus goşunlaryna garşy iki ýyllap eden söweşinde gazanan üstünlikleriniň, ABŞ-nyň täze maliýeleşdirmesi bolmazdan, şübhe astynda galjakdygyny duýdurdy.
2022-nji ýylyň fewral aýynda başlanan çozuşdan bäri Ukraina onlarça milliard dollarlyk kömek iberildi, ýöne respublikan kanun çykaryjylar prezident Wladimir Putiniň güýçlerine garşy alnyp barylýan söweşiň aýdyň we gutarnykly netijeleriniň görünmeýändigini aýdyp, Kiýewi goldamak meselesinde barha kän göwünsiz bolýarlar.
Blinken 29-njy ýanwar güni giçlik, goşmaça kömegiň berilmeginiň tassyklanmagynda gazanyldy diýilýän käbir ilerlemeler baradaky habarlaryň arasynda, ABŞ tassyklamasy bolmazdan, Ukrainanyň geljeginiň gowy däldigi barada has gorkunç kartinany öňe sürdi.
Brýusselde, Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylary, duşuşygyň deslapky netijelerine laýyklykda, 1-nji fewralda geçiriljek sammitde Ukraina "öz wagtynda, öňünden aýdyp boljak we dowamly harby goldaw" bermegi dowam etdirmek baradaky kararlaryny gaýtalarlar.
"Roýters" habar gullugynyň karar taslamasyna salgylanyp beren habaryna görä, "Ýewropa Geňeşi ok-däri we raketa iberilmegini gyssagly ýagdaýda tizleşdirmegiň zerurdygyny ýene bir gezek gaýtalar".