Çernihow sebitiniň Nežin etrabynda 2700 müşderi, rus hüjümi netijesinde, elektriksiz galdy diýip, “Çernihiwoblenergo”habar berdi.
"Duşman sebitimiziň elektrik toruna edýän giň gerimli hüjümini bes etmeýär. Nižin etrabynda ýerleşýän elektrik desgasyna urlan zarba sebäpli 2700 müşderi elektriksiz galdy" diýip, kompaniýanyň habarynda aýdylýar.
Energetikler 17-nji oktýabr agşamyndan bäri elektrik üpjünçiligini dikeltmek üçin köp işlediler, ýöne ýetirilen "zyýan gaty uly" diýip, habarda bellendi.
Ukrainanyň hökümet başlygynyň orunbasary Oleksiý Kuleba rus goşunynyň Ukrainanyň logistika infrastrukturasyna, demirýol portuna we port desgalaryna zarba urandygyny aýtdy.
Hünärmenler gije ýeririlen zyýany aradan aýryp başladylar, ýöne rus dronlary ýene zarba urdy. Gözegçilik ulgamynyň kömegi bilen işçiler howpsuz ýere geçirildi, hiç kim ýaralanmady. Onuň sözlerine görä, ätiýaçlyk dizel lokomotiwleri arkaly, otly hyzmaty dowam etdirilýär.
Mundan başga, rus goşunlary port infrastrukturasyna hüjüm edip, aýry-aýry desgalara we binalara zyýan ýetirdi.