Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolinkin Russiýanyň 12-nji iýunda bellenilýän gününiň öňüsyrasynda “Orient” neşirine interwýu berip, ilçihananyň wiza bermekde Covid keselçiliginden öňki derejelerine çykandygyny aýtdy.
Onuň sözlerine görä, 2019-njy ýylda jemi 60 müň wiza berlen bolsa, 2023-nji ýylda - 73 müňden gowrak wiza, 2024-nji ýylyň ilkinji bäş aýynda 46 müňden gowrak wiza berildi. 2023-nji ýylyň ilkinji bäş aýynda 18,3 müň wiza berlipdi.
Ilçi häzir Russiýanyň uniwersitetlerinde 40 müňden gowrak türkmenistanlynyň okaýandygyny aýtdy. Neşir 2022-nji ýylyň tomsunda Russiýada 31 müň türkmenistanlynyň okandygyny belleýär.
Rus ilçisiniň tassyklamagyna görä, Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň bäşligine girýär, bu ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygy takmynan 1,6 milliard dollar möçberinde bolup, 2024-nji ýylyň 1-nji çärýeginde söwda 22% ösüp, 18 milliard rubl möçberine ýetdi.
Azatlyk rus ilçisiniň getirýän sanlaryny garaşsyz ýagdaýda tassyklap bilmeýär.