Rus raketa zarbalaryndan ölenleriň sany 8 adama ýetdi

Rus zarbasyndan soňky görnüş

Russiýanyň gündogar Ukrainanyň Kramatorsk şäherine eden hüjüminde ölenleriň sany sekiz adama ýetdi, 56 adam ýaralandy diýip, Ukrainanyň Döwlet gyssagly kömek gullugy 28-nji iýunda habar berdi.

Russiýa 27-nji iýun agşamy Kramatorsk şäherine iki sany raketa zarbasyny urdy, olaryň biri şäher merkezindäki köp adamly pizza restoranyna, ikinjisi Donetsk sbitindäki şäheriň eteginde ýerleşýän bir oba gelip düşdi.

Raketa zarbasyndan ýykylan restoranda we ýanaşyk binalarda ölenleriň arasynda üç çaga hem bar. Raketa zarbalarynyň dowam etdirilmek ähtimallygy astynda halas ediş işleri wagtlaýyn togtadylandan soň, üç adam harabalykdan çykaryldy.

"Halas edijiler weýran edilen binanyň harabalyklarynyň arasyndaky gözleg, agtaryş işlerini dowam etdirýärler, olaryň aşagynda çykyp bilmän galan adamlaryň bar bolmagy mümkin” diýip, Gyssagly kömek gullugynyň işgärleri telegram habarlaşma programmasynda aýtdylar.

Donetsk harby administrasiýasynyň başlygy Pawlo Kyrylenko şäher merkeziniň täsir ýeten ýerleriniň golaýynda bir topar jaýyň, dükanyň, kafeniň we beýleki kärhanalaryň zyýan çekendigini aýtdy.

Şäher etegine uran ikinji raketa bäş adamy ýaralady. Üçünji raketa merkezi Ukrainanyň Poltawa sebitiniň Kremençuk şäherindäki binalara gelip urdy, ýöne ölenler barada habar berilmedi.