Rus toplary Hersonda bir aýaly öldürdi, Dnipropetrowsk agyr artilleriýa okuna tutuldy

Herson

7-nji awgustda Ukrainanyň günortasyndaky Herson sebitine atylan toplar bir aýaly öldürdi diýip, sebit häkimi Oleksandr Prokudin telegramda aýtdy.

Sebit harby dolandyryş gullugynyň başlygy Serhiý Lysagyň 7-nji awgustda beren habaryna görä, rus güýçleri öten agşamky hüjümde Ukrainanyň günorta-gündogaryndaky Dnipropetrowsk sebitini nyşana aldylar.

Bu ýerde bolan pidalar barada bada-bat habar berilmedi.

Gyssagly kömek işgärleri Sinelnik etrabynda raketa hüjüminden soň turan ýangyny öçürdi.