Rus zarbalary Kirowohrad sebitindäki bäş şäherçäni elektriksiz goýdy

Kirowohrad sebiti. 14-nji oktýabr, 2025

Russiýa 14-nji oktýabra geçilýän gije Ukraina 96 pilotsyz uçar bilen hüjüm etdi.

Ir sagat 8:30 çenli olaryň 69-sy urlup gaçyryldy diýip, Ukrainanyň howa güýçleriniň serkerdeligi habar berdi.

Ukrainanyň Döwlet gyssagly kömek gullugynyň habaryna görä, Kirowohrad sebitiniň Dolynska we Nowopražska jemgyýetlerinde möhüm infrastruktura desgalaryna zyýan ýetdi. Birnäçe ýerde ýangyn boldy, ýöne hiç kim ýaralanmady. Ilatly nokatlaryň bäşisi elektriksiz galdy.

Rus goşunynyň Sumy şäherine uran zarbalaryndan soň ýaşalmaýan binany ot aldy; ýangyn söndürildi.

Harkowda garaž binasy ýumruldy, üç gatly hassahana, işewürlik binasyna we awtoulaglara zyýan ýetdi.

"Duşmanyň KAB hüjümi wagtynda keselhanada bolan hassalaryň ählisi başga bir lukmançylyk merkezine geçirildi" diýip, Döwletiň adatdan daşary ýagdaý gullugy aýtdy. Sebit harby dolandyryş gullugynyň başlygy Oleh Sinegubow alty adamyň ýaralanandygyny habar berdi.