Ýaşaýjylar migrant köçe süpürjileri küýseýär

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Rublyň hümmetiniň pese gaçmagy Orsýetde gazanç edýän merkezi aziýaly migrantlaryň öz öýlerine dollarda iberýän pulunyň mukdarynyň azalmagyna getirdi. Netijede migrantlaryň ençemesi Orsýeti terk etmeli boldy. AÝ/AR-nyň habarçysy Tom Balmforth bilen söhbetdeş bolan Moskwanyň köp ýaşaýjysy migrantlaryň ýurtdan gitmeginiň netijesini köçeleriň hapalygynda görmek mümkindigini bellediler.