Russiýada harbylaşdyrylan oýun meýdançalary peýda bolýar. Uruş çagalaryň aňyna ornaşdyrylýar

Moskwanyň gündogaryndaky Reutowda oýun meýdançasynda Katýuşa raketa artilleriýa ulgamynyň şekili bar.

Bu surat Orsýetiň "Bereg" žurnalistika topary tarapyndan 1-nji iýunda çap edilen birnäçe suratlaryň biridir we ol ýakynda Russiýada uruş temaly oýun meýdançalarynyň peýda bolandygyny görkezýär.

Moskwanyň demirgazygynda çagalar üçin karusel Gyzyl Goşunyň harby enjamlarynyň şekillerinde gurlupdyr.

Orsýetde uruş temaly oýun meýdançalary 2019-njy ýylyň töwereginde peýda bolup başlady we şol wagt uly jedellere sebäp boldy.

Çagalar üçin oýun meýdançasynda gurlan desgada Ikinji Jahan Urşunyň sahnalary we 2022-nji ýylyň aprelinde Ukrainanyň hüjüminde gark bolan Orsýetiň "Moskwa" raketaly kreýseri suratlandyrylýar.

Orsýetiň Ukraina doly göwrümli çozuşyna başlap, ýurtda urşa garşy duýgulary basyp ýatyrmagyndan soň harbylaşdyrylan oýun meýdançalary baradaky jedeller köp derejede dymdy.

Sankt-Peterburgdaky oýun meýdançasynda ýerleşdirilen "Grad" raketa artilleriýa ulgamynyň şekili.

"Bereg" bilen söhbetdeş bolan arhitektor uruş temaly oýun meýdançalarynyň maksadyny çagalaryň ünsüni çekmek bilen däl-de, häkimiýetleriň göwnünden turmak islegi bilen düşündirdi.

Sankt-Peterburgda oýun meýdançasyndaky desga "Ýeňiş üçin sag boluň" diýen ýazgyly gaubitsany şekillendirýär.

Arhitektoryň "Bereg" žurnalistine aýtmagyna görä, ol bu desgalardaky şekillerde "hiç hili maksada hyzmat etmeýän, emma hökümete wepalylygy nygtamak islegleri görkezýän" suratlary görýär. "Bu, elbetde, çagalar üçin däl, ýöne bu etrap häkimliginiň öwgüsine mynasyp bolup biler" diýip, ol sözüne goşdy.

2025-nji ýylyň iýun aýynda Orsýetiň demirgazyk böleginde, Nadymda oýun meýdançasynda oýnaýan çagalar.

Arka planda ýaşaýyş jaýyň diwarynda harby şertnamalary mahabatlandyrýan billboard we 1944-nji ýylda Belarusda nasist güýçlerine garşy söweşde wepat bolan ýaş esgeriň şekili ýerleşýär.

Moskwanyň golaýyndaky Zelenogradda harby dikuçaryň şekili oýun meýdançasynyň merkezi bezegi hökmünde hyzmat edýär.

Çita şäheriniň oýun meýdançasynda 2014-nji ýylda surata düşürilen bu elde ýasalan tank ýaly harby temaly käbir oýun desgalary Orsýetiň Ukraina doly möçberli çozuşyndan öň hem peýda bolupdy. Emma şäher býujetiniň serişdelerine zawodda ýasalan oýun desgalary ýaňy-ýakynda peýda boldy.

Moskwanyň günortasynda rus söweş uçarynyň şekilinde gurlan çagalaryň dyrmaşyp, oýnamagy üçin niýetlenen desga.

Orsýetiň dürli künjeklerinde soňky döwürde gurlan oýun meýdançalary ýurduň Ukrainada alyp barýan urşunyň fonunda gönüden-göni harby temasyna gönükdirilýär.