Russiýa banany kim daşaýar we kim kokaini daşaýar?

Rus häkimiýetleri 2025-nji ýylyň awgust aýynyň ahyrynda Sankt-Peterburga gelen “Cool Emerald” gämisinden takmynan 1,5 tonna kokain tapylandygyny mälim etdiler.

Geçen ýylyň awgust aýynyň ahyrynda ir säher bilen “Cool Emerald” konteýner gämisi Russiýanyň Sankt-Peterburg portuna geldi. Gämi kenara golaýlanda, ony gümrük işgärleri we Federal howpsuzlyk gullugynyň (FSB) işgärleri garşylady.

Rus häkimiýetleriniň aýtmagyna görä, olar daşary ýurtly kärdeşlerinden Ekwadordan getirilen banan ýüküniň içinde neşe serişdeleriniň gizlenendigi barada duýduryş alypdylar. Barlag wagtynda, olaryň aýtmagyna görä, berk gaplanan ak maddanyň kerpiç görnüşindäki birnäçe müň bölegi tapylypdyr. Synaglaryň netijesine görä, bu madda takmynan 1,5 tonna kokain bolup, onuň "köçe bahasy" takmynan 20 milliard rubla (257 million ABŞ dollaryna) deň diýlip çaklanyldy.

Bu rus gümrük gullugynyň taryhyndaky iň uly neşe ele salmalarynyň biri boldy. Kiprde hasaba alnan we “Cool Emerald” gämisini täjirçilik taýdan dolandyrýan “Cool Carriers” kompaniýasy üçin bolsa, bu soňky ýyllarda onuň flotundaky onlarça gäminiň käbiriniň neşe serişdelerini daşamakda ulanylandygy öňe sürülen birnäçe wakanyň nobatdakysy boldy.

Mysal üçin, 2023-nji ýylyň oktýabrynda Britaniýanyň häkimiýetleri “Cool Express” gämisiniň korpusyna berkidilen 137 kilogram kokain tapandyklaryny mälim etdiler. 2024-nji ýylyň ýazynda Sankt-Peterburgyň gümrük gullugy şol bir gäminiň üstünden 60 kilogram kokain tapandygyny aýtdy. Şol ýylyň awgust aýynda bolsa Daniýanyň kenarlarynyň golaýynda “Cool Express” gämisinden 575 kilogramdan gowrak kokainiň deňze zyňlandygy öňe sürüldi.

“Cool Carriers” kompaniýasynyň wekili Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň “Systema” derňew bölüminiň soraglaryna e-poçta arkaly beren jogabynda kompaniýanyň neşe söwdasyna hiç hili dahylly däldigini we neşe serişdeleriniň ulanylmagyny hem-de ýaýradylmagyny berk ýazgarýandygyny aýtdy. Ol şeýle hem: "Kompaniýa hiç bir ýurtda derňew astynda däl we derňew geçirýän edaralar tarapyndan bize hiç hili ýüzlenme bolmady" diýip belledi.

Şol wekiliň sözlerine görä, “Cool Carriers” “dünýäde sowadyjy ýük gämilerini iň köp dolandyrýan kompaniýadyr”. Kompaniýa dürli yklymlara çalt zaýalanýan harytlary daşaýar. Wekiliň aýtmagyna görä, “Sankt-Peterburg olaryň “esasy ugurlarynyň biri däldir”.

Putin bilen baglanyşyklar

Kompaniýanyň baş direktory we eýesi Kiprde ýaşaýan Mihail Ganýuşin bolup, ol ozal Sankt-Peterburgdaky deňiz ýük daşaýyş pudagynda iş alyp barypdyr.

“Cool Carriers” kompaniýasynyň Sankt-Peterburgdaky port agentlerinden biri “Baltic Shipping” atly kompaniýadyr. Bu kompaniýa 1999-njy ýylda döredilipdir. Russiýanyň kompaniýalar sanawynyň maglumatlaryna görä, onuň ilkinji paýdarlary Mihail Ganýuşin bilen Wladimir Borisenko bolupdyr. Ganýuşin 2023-nji ýylda “Baltic Shipping” kompaniýasyndan çykypdyr. Häzir kompaniýa dolulygyna 63 ýaşly Borisenkonyň eýeçiliginde. Ol hem 53 ýaşly Ganýuşin ýaly Sankt-Peterburgdaky şol bir deňiz akademiýasyny tamamlapdyr.

"Systema" tarapyndan geçirilen derňew Ganýuşin bilen Borisenkonyň ikisiniň hem Wladimir Putiniň Sankt-Peterburgdaky ýaranlary we ýakyn hyzmatdaşlary bilen baglanyşygynyň bardygyny ýüze çykardy. Hut şu şäherde Putin 1990-njy ýyllaryň başynda şäher häkiminiň orunbasary we şäheriň daşary ykdysady gatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygy wezipesinde işlän döwründe ilkinji gezek syýasy täsir gazanyp başlapdy.

Bu baglanyşyklaryň arasynda Borisenenkonyň 2015-nji ýylda aradan çykan telekeçi Oleg Rudnow bilen gatnaşygy hem bar. Rudnow Putiniň köne dosty we ýakyn hyzmatdaşy hasaplanýardy. 2004-nji ýylda Borisenko bilen Rudnow Sankt-Peterburgyň golaýyndaky “HappyJarvi” ýaşaýyş toplumynda döredilen öý eýeleriniň birleşiginiň esaslandyryjy alty agzasynyň hatarynda bolupdyr.

Şeýle hem, Borisenko bilen Ganýuşiniň Putiniň ýene bir köpden bäri tanaýan adamy - Ilýa Klebanow bilen hem baglanyşykly bolmagy ähtimal. Bu baglanyşyk Sankt-Peterburg portunda ýerleşýän MGS-Terminaly arkaly ýüze çykýar. Terminalyň direktorynyň 2024-nji ýylda aýdan sözlerine görä, bu desga Russiýada sarp edilýän bananlaryň aglabasyny, şeýle hem sebitiň beýleki ýurtlaryna ugradylýan bananlaryň ep-esli bölegini dolandyrýar.

2025-nji ýylda Russiýa takmynan 1,4 million tonna banan import etdi. Şol möçberiň 1,24 million tonnasy Sankt-Peterburg portunyň üsti bilen getirildi.

MGS-Terminalyň direktory Wladimir Burlew 2024-nji ýylda metbugata beren interwýusynda terminalyň esasy müşderisiniň “Baltic Shipping” kompaniýasydygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, bu kompaniýa bazara ýetirilýän bananlaryň üçden iki böleginiň daşalmagyna jogapkärdir. Kontekstden çen tutulsa, gürrüň Russiýanyň bazary barada gidýär.

Mihail Ganýuşin

2025-nji ýylyň ahyryndaky ýagdaýa görä, Mihail Ganýuşin bilen Wladimir Borisenko MGS-Terminalyň direktorlar geňeşiniň agzalarydy. Bu terminalyň paýnamalarynyň bir bölegi Sankt-Peterburgly telekeçi Dmitriý Kožarskiýyň mirasdüşerlerine degişlidi. Kožarskiý Putiniň birnäçe ýakyn hyzmatdaşy bilen bir jaý toplumynda ýaşapdyr. Ol 2022-nji ýylda aradan çykdy. Kožarskiý Ilýa Klebanow bilen balykçylyk pudagyndaky bir kompaniýada işewür hyzmatdaş bolupdyr. Maglumatlara görä, ol Klebanowyň köne dosty hem bolupdyr. Şeýle-de bolsa, “Cool Carriers” kompaniýasynyň wekili Ganýuşiniň indi MGS-Terminalyň direktorlar geňeşiniň agzasy däldigini aýtdy.

1990-njy ýyllarda Ilýa Klebanow Sankt-Peterburgdaky goranyş senagaty kärhanalarynyň birine ýolbaşçylyk edipdir. Putin heniz şäher häkiminiň orunbasary bolup işlän döwründe Klebanowy öwgä mynasyp görüpdir. Putin 2000-nji ýylda Russiýanyň prezidenti wezipesine girişende, Klebanow premýer-ministriň orunbasarydy. Şol ýylyň awgust aýynda “Kursk” atly ýadro suwasty gämisi heläkçilige uçrandan soň, Putin ony bu betbagtçylygy derňemek üçin döredilen hökümet toparynyň başlygy edip belläpdir. Häzir 75 ýaşyndaky Klebanow 2003-nji ýylda hökümetden aýrylyp, 2011-nji ýyla çenli Russiýanyň Demirgazyk-Günbatar federal okrugynda, şol sanda Sankt-Peterburgy hem öz içine alýan sebitde, prezidentiň doly ygtyýarly wekili wezipesinde işledi.

Wladimir Borisenko, Günorta Afrika Respublikasynyň Sankt-Peterburg şäherindäki hormatly konsuly

“Cool Carriers” kompaniýasynyň wekili: “Sowadylyp daşalýan ýükleri düşürmek we saklamak boýunça ýöriteleşen MGS-Terminal, “Cool Carriers” kompaniýasynyň Sankt-Peterburga gelýän gatnawlaryndaky miwe ýüklerini düşürmek üçin ulanylýar” diýdi.

Onuň aýtmagyna görä, Mihail Ganýuşin “terminalyň işiniň bökdençsiz alnyp barylmagyny üpjün etmek” maksady bilen direktorlar geňeşine “garaşsyz, ýerine ýetiriji däl we hak tölenmeýän agza” hökmünde goşulypdyr. Emma ol soňra bu wezipeden çekilipdir. Şeýle hem wekiliň sözlerine görä, Ganýuşin bilen Ilýa Klebanow biri-birini tanamaýar.

Şol wekiliň bellemegine görä, ne Ganýuşin, ne-de “Cool Carriers” kompaniýasy MGS-Terminalyň paýdarlarydyr. MGS-Terminaly bolsa düşündiriş bermek baradaky haýyşa jogap bermedi.

“Systema”-nyň derňewi, şeýle hem, 1990-njy ýyllarda Putiniň gatnaşmagynda Sankt-Peterburgyň daşynda döredilen “Ozero” daça kooperatiwiniň esaslandyryjylarynyň käbiri bilen bolup biljek baglanyşyklara degişli subutnamalary ýüze çykardy. Olaryň arasynda doganlar Andreý we Sergeý Fursenkolar, şeýle hem Putiniň iň ýakyn ynamdar adamlarynyň biri hasaplanýan milliarder bankir Ýuri Kowalçuk hem bar.

Kowalçugyň Bank Rossiýanyň esasy eýesi hasaplanýandygy aýdylýar. Putiniň köp ýyllyk kömekçisi we ozalky bilim hem ylym ministri Andreý Fursenko bolsa bu bankyň öňki şärik eýeleriniň biri bolupdyr. Sergeý Fursenko bolsa 2013–2019-njy ýyllarda döwletiň tebigy gaz ägirdi Gazpromyň nebit şahamçasy bolan “Gazprom Neftiň” direktorlar geňeşiniň agzasy bolup işläpdir.

Üns merkezinde: Konserwirlenen sygyr eti we kokain

"Systema" “Cool Carriers” kompaniýasynyň Gazprom Neft ýa-da Russiýanyň beýleki döwlet kompaniýalary bilen iş alyp barýandygyny soranda, kompaniýanyň wekili: “Asla ýok” diýip jogap berdi.

Ne Wladimir Borisenko, ne-de Baltic Shipping kompaniýasy "Systema"-nyň düşündiriş bermek baradaky haýyşlaryna jogap berdi. “Cool Carriers” kompaniýasynyň wekili Borisenenkonyň kompaniýa bilen hiç hili baglanyşygynyň ýokdugyny aýtdy. Şeýle hem onuň sözlerine görä, Borisenko bilen Ganýuşin ozal deňiz ýük daşaýyş pudagy bilen bagly birnäçe taslamada hyzmatdaşlyk eden bolsalar-da, häzirki wagtda olaryň bilelikdäki hiç hili taslamasy ýok.

Neşe söwdasynyň merkezi

1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargandan gysga wagt soň, Sankt-Peterburg neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy üçin möhüm merkezleriň birine öwrüldi. 1992-nji ýylda Kolumbiýanyň Kali karteli Baltika deňzindäki bu uly porty kokaini Ýewropa ugratmak üçin tranzit nokady hökmünde ulanyp başlady.

Uzak ýyllap KGB-niň işgäri bolan Wladimir Putin 1991–1996-njy ýyllarda Sankt-Peterburgda daşary söwda boýunça esasy wezipelerde işlän döwründe korrupsiýa bilen baglanyşykly birnäçe aýyplamadan we dawadan aman çykdy. Şol wakalaryň birinde KGB-den çykan başga bir ýolbaşçynyň garamagyndaky howpsuzlyk gulluklary konserwirlenen sygyr etiniň gaplarynyň içinde gizlenen bir tonnadan gowrak kokaini ele geçiripdir. Emma soňra bu neşe serişdeleri ýitirim bolupdyr we Russiýada bu iş boýunça hiç hili kazyýet prosesi geçirilmandir.

Köp ýyllap Russiýa banan importy “Banan şasy” ady bilen tanalan miwe söwdagäri Wladimir Kehmanyň gözegçiliginde bolupdyr. 2010-njy ýylda onuň “JFC” kompaniýasy tarapyndan kireýine alnan gämi Sankt-Peterburg portuna gelende, onuň üstünden 120 kilogram kokain tapylypdy. Şonda Kehman bu waka dahyllydygyny ret edipdi. “JFC” kompaniýasy bolsa 2015-nji ýylda resmi taýdan bankrot diýlip yglan edildi.

Kehman 2011-nji ýylda garaşsyz rus neşiri “Dožd"-e beren interwýusynda banan daşaýan gämiler arkaly neşe serişdeleriniň daşalmagynyň adaty hadysadygyny öňe sürdi. Şeýle-de bolsa, onuň pikiriçe, munuň üçin esasy jogapkärçilik gämi ekipažlaryna degişlidir, gäminiň ýa-da ýüküň eýelerine däl.

2018-nji ýyl. “Banan şasy” hökmünde tanalyp, soňra teatr ýolbaşçysyna öwrülen Wladimir Kehman Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherindäki Mihaýlowskiý teatrynyň öňünde.

"Systema"-nyň soraglaryna beren jogabynda “Cool Carriers” kompaniýasynyň wekili metbugatda neşe serişdeleriniň bikanun daşalmagy bilen baglanyşykly agzalýan gämileriň hiç birine kompaniýanyň eýeçilik etmeýändigini ýa-da olary dolandyrmaýandygyny aýtdy.

Onuň sözlerine görä, “Cool Carriers” diňe gämileriň täjirçilik operatory” bolup çykyş edýär we olaryň gündelik işine goşulmaýar. “Gämileriň gündelik dolandyrylyşy, şol sanda ekipažy işe almak we dolandyrmak, ýükleri ýükläp-düşürmek ýaly ähli işler dolulygyna üçünji tarap eýeleriniň ygtyýaryndadyr. Bu meselelerde “Cool Carriers” hiç hili karar kabul etmeýär” diýip, kompaniýanyň wekili aýtdy.

Onuň bellemegine görä, Günorta Amerikadaky neşe kartelleriniň ýerli portlarda ýüklenýän täjirçilik gämilerine aralaşmaga ýa-da olara elýeterlilik gazanmaga işjeň synanyşýandygy giňden belli ýagdaýdyr. Şeýle gämiler neşe serişdelerini daşamak üçin “ulag” hökmünde ulanylýar.

“Jenaýat toparlary bu pudakdaky adamlary para bermek, gorkuzmak ýa-da olara zyýan ýetirmek arkaly howpsuzlyk ulgamyndaky gowşak ýerleri gözleýärler we olardan peýdalanýarlar. Şeýle hem olar howpsuzlyk edaralarynyň ünsüni azaltmak maksady bilen bir hukuk çäginden we bir ýükleme portundan beýlekisine geçýärler” diýip, kompaniýanyň wekili aýtdy.

Bu makala "Systema"-nyň rus dilindäki derňewiniň esasynda Stiw Gutterman tarapyndan uýgunlaşdyryldy.