Russiýa bilen Ukraina özara zarba urdy, NATO-nyň söweş uçary Litwada drony urup düşürdi

15-nji sentýabrda Russiýanyň Kiýewdäki ýangyç guýulýan bekede uran dron zarbasynyň netijeleri.

Russiýa bilen Ukraina gije biri-birine zarba urdy diýip, ýerli häkimiýetler we wakalary yzarlaýan Telegram kanallary habar berýär. Hüjümlerde Ukrainada ýangyç guýulýan bekede, Russiýada bolsa nebiti gaýtadan işleýän zawoda zarba degdi.

14-nji sentýabrdan 15-ne geçilen gije amala aşyrylan bu hüjümler ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Moskwa bilen Kiýewiň biri-biriniň energetika desgalaryny nyşana almazlyk barada ylalaşandygyny aýtmagyndan bary-ýogy birnäçe sagat soň boldy.

Şol bir wagtda, Litwanyň häkimiýetleri 15-nji sentýabrda daňdan ýurduň howa giňişligine giren bir drony NATO-nyň söweş uçarynyň urup düşürendigini mälim etdiler.

Kiýewiň häkimi Witaliý Kliçkonyň aýtmagyna görä, 15-nji sentýabrda daňdan Ukrainanyň paýtagtynda ýangyç guýulýan bekede we ammarlara zarba degdi. Hüjümden soň bir erkek adam agyr ýagdaýda hassahana ýerleşdirildi.

Soňky döwürde Russiýa Kiýewdäki ýangyç guýulýan beketleri hem nyşana alyp başlady. Ukrainanyň häkimiýetleriniň maglumatlaryna görä, soňky aýlarda ýurtda şeýle desgalaryň 300 töweregine zarba uruldy. Olaryň köpüsi front sebitlerinde ýa-da şolara golaý ýerlerde ýerleşýär.

Bu aralykda, Russiýanyň Ukraina bilen serhedine golaý ýerleşýän Taganrog şäherine edilen raketa hüjüminde «Ozon» internet söwda kompaniýasyna degişli bir ammar, şeýle-de oba hojalyk kärhanalarynyň ammarlary zeperlendi. Bu barada sebitiň gubernatory Ýuriý Slýusar 15-nji sentýabrda habar berdi.

Russiýanyň Samara sebiti hem gije dron hüjümine sezewar boldy. Sebitiň gubernatory Wýaçeslaw Fedorişşewiň aýtmagyna görä, bir senagat desgasyna zeper ýetdi. Ol hüjüm wagtynda 40 dronyň ýok edilendigini hem aýtdy. Gubernator haýsy desganyň zeperlenendigini anyklaşdyrmady. Bu sebitde nebiti gaýtadan işleýän birnäçe iri zawod ýerleşýär.

Wakalary yzarlaýan Telegram kanallary dron hüjüminden soň Samara sebitindäki Syzran nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň senagat zolagynda ýangynyň görünýändigini aýtdylar.

Bu hüjümler Trampyň 14-nji sentýabrda «Truth Social» platformasynda: «Ukraina Russiýanyň energetika desgalaryna zarba urmazlyga razy boldy. Russiýa hem edil şonuň ýaly etmäge razy boldy!» diýip ýazmagyndan soň boldy.

Trampyň ýazgysyndan soň beýanat beren Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski ýurduň ýaranlary Moskwanyň Ukrainanyň energetika desgalaryna, möhüm infrastrukturasyna we azyk üpjünçilik ýollaryna zarba urmagyny bes etmegini üpjün etseler, Kiýewiň hem Russiýa garşy zarbalary togtatmaga taýýardygyny aýtdy.

NATO-nyň uçary Litwanyň üstünde drony urup düşürdi

Bu aralykda, Litwanyň Milli krizisleri dolandyryş merkeziniň maglumatyna görä, 15-nji sentýabrda daňdan NATO-nyň söweş uçary bir drony urup düşürdi. Ondan öň paýtagt Wilnýusda we onuň töweregindäki sebitde dron howpy barada duýduryş berlipdi.

«Litwa NATO-daky ýaranlarymyz bilen bilelikde öz howa giňişligini gorar» diýip, ýurduň prezidenti Gitanas Nauseda wakadan soň X platformasynda ýazdy.

Litwanyň jemgyýetçilik ýaýlymçysy LRT-niň Milli krizisleri dolandyryş merkeziniň (NKVC) deslapky maglumatlaryna salgylanyp habar bermegine görä, dron goňşy Belarusdan gelip, günbatara tarap uçup barýardy.

Ýewropa Bileleşiginiň we NATO-nyň agzasy bolan Litwadaky bu waka Russiýanyň ýaňy-ýakynda Polşanyň serhedine golaý ýerlere dron zarbalaryny urmagynyň yz ýanyna gabat geldi. Şol hüjümlerden soň Kiýew Moskwanyň «NATO-nyň gapysyny kakýandygyny» duýdurypdy.

«Russiýanyň Ukraina–Polşa serhedindäki Ýahodyna uran wagşyçylykly zarbalary diňe biziň döwlet serhetlerimize edýän hüjümleriniň dowamy däl» diýip, Ukrainanyň daşary işler ministri Andriý Sybiha 13-nji sentýabrda X platformasynda ýazdy. «Bu Putiniň terrorçylygynyň göni ÝB-niň we NATO-nyň gapylaryny “kakmagydyr”.»

Makalada Reuters gullugynyň maglumatlaryndan peýdalanyldy.