Russiýa dronlar bilen Ukrainanyň Harkiw we Sumy regionlaryna hüjüm etdi

Ukrainanyň Sumy regionyna urlan zarbanyň netijeleri. Illýustrasiýa suraty

14-nji martda irden Russiýanyň güýçleriniň Ukrainanyň demirgazyk-gündogar sebitindäki Sumy we Harkiw regionlaryna dronlar we raketalar bilen uran zarbalary netijesinde, raýat infrastrukturasyna zeper ýetdi. Bu barada regional resmiler habar berdi.

Sumy regionynda zarbalar Sumy, Şostka, Trostýanets we Bilopil sebitlerine uruldy diýip, regional harby administrasiýa mälim etdi, we ýeten zyýanyň geriminiň entegem seljerilýändigini sözüne goşdy.

Ukrainanyň ikinji iri şäheri Harkiwde Russiýanyň güýçleri dronlar we S-300 kysymly raketalar bilen birnäçe ýaşaýyş jaýyna zeper ýetirdi. Hüjümde adam pidalary bolmady. Bu barada sebitiň resmileri habar berdiler.