Rus harby güýçleri 21-nji oktýabra geçilýän gije Ukrainanyň birnäçe sebitine hüjüm etdi.
Harkowa urlan zarbalar netijesinde dokuz adam ýaralandy. Harkow şäheriniň häkimi Ihor Terekowyň sözlerine görä, rus güýçleri Senagat etrabyny bombalap, azyndan 15 hususy jaýa zyýan ýetirdi. Şeýle-de, ol Nemyşlýanskiý etrabyna hüjüm edilendigini, ýagdaýyň öwrenilýändigini aýtdy.
Rus hüjümleri Çernihowda we demirgazyk Çernihiw sebitinde tok kesimegine sebäp boldy. "Çernihiwwodokanal” jemgyýetçilik hyzmatlary, tutuş şäher elektriksiz galdy" diýip, kärhananyň habarynda aýdylýar. “Wodokanalyň” işgärleri kärhananyň desgalaryny alternatiw elektrik çeşmelerine birikdirip başladylar.
Pawlohrada urlan zarbalar 16 adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy, olaryň dördüsiniň ýagdaýy agyr. Dnipropetrowsk sebit harby dolandyryş gullugynyň başlygy Wladislaw Gaýwanenko rus goşunynyň şähere ullakan raketa we pilotsyz uçar hüjümini gurandygyny habar berdi. Bu hüjüm netijesine infrastruktura desgasyna zyýan ýetdi.
Nikopola urlan zarbalar oba hojalyk firmasynyň binasyna, köp gatly ýaşaýyş jaýyna, iki sany hususy jaýa, iki sany hojalyk binasyna, gaz geçiriji we elektrik liniýalaryna zyýan ýetirdi.
Öten agşam Hersona urlan pilotsyz uçar zarbalarynda üç adam ýaralandy diýip, sebit administrasiýasynyň başlygy Oleksandr Prokudin habar berdi.
"Zarba urlan ýerde ýangyn turdy. Ýaşaýyş jaýlaryna, bilim edarasyna we hojalyk binalaryna zyýan ýetdi" diýip, ol telegram kanalynda ýazdy.