Ukrain resmileri Russiýanyň dürli görnüşli raketalary we pilotsyz uçarlary ulanyp, ýurduň çar künjegindäki nyşanalara garşy köp sanly howa hüjümini amala aşyrandygyny aýtdylar. Howa goraglary mobilizlendi, ýöne öten agşam, 28-nji dekabr gijesi we 29-njy dekabr güni irden Kiýewde, Lwowda we beýleki şäherlerde bolan partlamalar barada habar berildi, resmiler bu hüjümler netijesinde azyndan 12 adamyň ölendigini aýtdylar.
Prezident Wolodymyr Zelenski Russiýanyň, eger-de öz raketa we dron hasaplamalary dogry bolsa, 22 aýlyk giň gerimli hüjüminiň dowamynda öz harby arsenalaynda bolan dürli görnüşli ýaraglaryň tasan ähli görnüşini ulanyp, iň uly kombinirlenen howa hüjümini edendigini aýtdy.
Ol nyşana alnan şäherleriň arasynda Kiýew, Lwow, Odesa, Dnipro, Harkow we Zaporižýa hem bar diýdi, pidalar barada ozal berlen maglumatlary gaýtalady.
"Şu gün Russiýa öz ammarynda bar bolan ýaraglaryň ähli görnüşini diýen ýaly ulandy: "Kinjallary", S-300 ganatly raketalary we pilotsyz uçarlary ulandy. Strategiki bombaçylar X-101 / X-505 raketalaryny atdylar. Ukraina garşy jemi 110 töweregi raketa atyldy, olaryň köpüsi asmanda uruldy" diýip, prezident aýtdy.
Howa güýçleri 158 raketanyň we pilotsyz uçaryň 114-siniň ýok edilendigini aýtdy.
Içeri işler ministrligi bomba hüjümlerinde azyndan 12 adamyň ölendigini we 75 adamyň ýaralanandygyny aýtdy.
Beýleki çeşmelerde öldürilenleriň sanynyň azyndan 17 adama ýetendigi aýdylýar.
Biraz soň Russiýa Ukrainanyň 29-njy dekabrda Belgorod sebitine atan üç raketasynyň urlandygyny aýtdy.
Azatlyk Radiosy hüjümleriň jikme-jikliklerini özbaşdak ýagdaýda tassyklap bilmedi, ýöne partlamalar birnäçe iri şäheri sarsdyrdy we köp ýerlerde asmandan galyndylar gaçdy.
Ukrainanyň premýer-ministri Denis Şmyhal bu hüjümi ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalary we möhüm infrastrukturany nyşana alýan köpçülikleýin howa zarbasy diýip atlandyrdy.
Ukrain goşuny harby ýerleriň hem nyşana alnandygyny aýtdy.
Harbylaryň adamlary gaçybatalgalara girmäge çagyrmagy bilen, howa duýduryşy 29-njy dekabrda irden bütin ýurt boýunça güýje girizildi.
Ukrainanyň howa güýçleriniň metbugat wekili Ýuriý Ihnat Russiýanyň amala aşyran hüjümlerinde gipersonik, ýagny sesden ýüwrük, ganatly we ballistik raketalaryň, şeýle-de pilotsyz uçarlaryň ulanylandygyny aýtdy.
Edilen hüjümlerde ýetirilen zyýan we çekilen pidalar barada maglumat bererden ir diýip, habarlarda bellenýär.
Ýöne ýerli işgärler Ukrainanyň merkezi Dnipro şäherindäki bäbekhana we söwda merkezine edilen hüjümlerde dört adamyň ölendigini, ondan gowrak adamyň bolsa ýaralanandygyny aýtdylar.
Saglyk ministrligi Dniproda ýene bir lukmançylyk merkezine zyýan ýetendigini, ýöne hassalaryň we işgärleriň arasynda ýaraly bolanyň ýokdugyny aýtdy.
Günortadaky Odesa şäherine urlan howa zarbalarynda azyndan iki adamyň ölendigi, 15 adamyň ýaralanandygy habar berildi. Sebit häkimi zarba urlan desgalaryň arasynda ýaşaýyş jaýlarynyň hem bardygyny aýtdy diýip, ýerli metbugat onuň sözlerine salgylanyp habar berdi.
Günbatar Lwow şäherinde hem, dowam edýän partlamalaryň arasynda, bir adamyň ölendigi, birnäçe adamyň ýaralanandygy habar berildi.
Paýtagtyň harby administrasiýasy Kiýewdäki howa goragynyň hereketdedigini, şähere asmanda urlan ýargalaryň galyndylarynyň gaçandygyny aýtdy.
Kiýewde azyndan ýedi adamyň ýaralanandygy habar berildi, şäher häkimi Witali Kliçko bir ammaryň ot alandygyny aýtdy.
Harkowyň häkimi Ihor Terekow öten agşam şähere howa hüjüminiň üç tolkunynyň gelip urandygyny aýtdy.
Kiýew we Günbatar liderleriniň köpüsi Russiýany parahat ilaty we raýat infrastrukturasyny yzygiderli nyşana almakda aýyplaýarlar, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Russiýanyň prezidenti Wladimir Putini Ukrainada edýän hereketleri üçin "uruş jenaýatçysy" diýip atlandyrdy.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan görkezilen köp sanly subutnama, resmileşdirilen delillere garamazdan, Russiýa parahat ilaty nyşana alýandygyny inkär edýär.