Russiýa 19-njy iýula geçilen gije Ukrainanyň paýtagtyna giň gerimli raketa we dron hüjümini amala aşyrdy. Hüjümde bir adam öldi, ýene 16 adam ýaralandy. Şol bir wagtda, Ukraina Gara deňizde Russiýa bilen baglanyşykly iki nebit tankerine zarba urandygyny habar berdi.
“Russiýa gijäniň dowamynda Kiýewe garşy iň uly ballistik raketa hüjümleriniň birini amala aşyrdy” diýip, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski X platformasynda ýazdy. Onuň sözlerine görä, Russiýa dürli görnüşli 40-dan gowrak raketany, olaryň aglabasyny paýtagta tarap, şeýle hem 120 hüjüm dronyny atdy.
Ukrainanyň Harby-howa güýçleri Russiýanyň gijäniň dowamynda, esasan, Kiýewi nyşana alan utgaşykly hüjümde jemi 41 raketany we 125 drony uçurandygyny aýtdy.
Harbylaryň maglumatyna görä, howa goranyş güýçleri 18 raketany we 108 drony saklady. 23 raketa we 10 dron bolsa 20 ýerde nyşanalara degdi. Saklanan raketalaryň we dronlaryň bölekleri başga 18 ýere gaçdy.
Harby-howa güýçleriniň maglumatyna görä, hüjümde 25 sany “Iskander-M” we S-400 ballistik raketasy, 10 sany “Tsirkon” gipersonik raketasy, üç sany “Oniks” gämä garşy raketa, üç sany Kh-59/69 dolandyrylýan raketa, şeýle hem “Şahed” görnüşli we beýleki 125 hüjüm drony ulanyldy.
Howa goranyş güýçleri ýakynlaşýan raketalara garşy hereket edýärkä, gijäniň dowamynda Kiýewiň dürli ýerlerinde partlama sesleri eşidildi.
Ukrainanyň häkimiýetleri paýtagtyň alty etrabyna zarba urlandygyny aýtdy. Hüjümlerde ýaşaýyş jaýlaryna, söwda-dynç alyş merkezine, supermarkete we beýleki raýat infrastrukturasyna zeper ýetdi.
Häkimiýetler Odesa sebitinde hem zeper ýetendigini habar berdiler. Russiýanyň şu hepdedäki hüjümleri Ukrainanyň başga-da birnäçe sebitini nyşana aldy.
Ukrainanyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Andriý Sybiha bu hüjümi 2022-nji ýylyň fewralynda giň gerimli uruş başlanaly bäri Ukraina garşy ballistik raketalaryň iň köp atylan hüjümi diýip häsiýetlendirdi. Ol hüjümleri bes etdirmek üçin Moskwa “berk basyş” edilmegine çagyrdy.
Russiýanyň Goranmak ministrligi harby infrastruktura hökmünde häsiýetlendiren desgalaryny nyşana alandygyny aýtdy. Olaryň arasynda ýarag böleklerini saklamak üçin ulanylandygy öňe sürülýän logistika merkezi, raketa böleklerini öndürýän desgalar, Kiýew sebitindäki dron bölekleriniň ammary, şeýle hem Odesanyň golaýyndaky ýangyç ammarlary we port infrastrukturasynyň bardygy aýdyldy.
Bu öňe sürmeleri garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklamak mümkin bolmady.
Şol bir wagtda, Ukrainanyň Baş harby ştaby öz güýçleriniň Gara deňizde Russiýanyň “kölege flotuna” degişlidigi aýdylýan iki nebit tankerine, şeýle hem Azow deňzindäki ýüzýän krana zarba urandygyny habar berdi. Ukrain tarapy bu üç gäminiň hem Russiýanyň harby operasiýalaryny goldamak üçin ulanylandygyny aýtdy.
Russiýa bilen Gazagystanyň bilelikdäki kärhanasy bolan Hazar turbageçiriji konsorsiumy (CPC) zarbalary ýazgaryp, gämileriň “kanuny” täjirçilik işi bilen meşgullanandygyny aýtdy.
“Gazagystan Respublikasy häzirki wagtda ýetirilen zyýanyň giňişleýin seljermesini geçirýär” diýlip, bu Merkezi Aziýa döwletiniň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda aýdylýar.
“Bu seljerme tamamlanandan soň, Gazagystan özüniň kanuny bähbitlerini goramak üçin halkara hukugynda göz öňünde tutulan ähli hukuklaryny, şol sanda ýetirilen zyýanyň öweziniň doly dolunmagyny talap etmek hukugyny özünde saklaýar” diýlip, beýanatda bellenildi.
Russiýanyň Gara deňiz kenarlarynyň golaýyndaky nebit bilen baglanyşykly desgalara ozal urlan dron zarbalary Ukraina bilen Gazagystanyň arasynda diplomatik dartgynlylygy güýçlendiripdi. Şeýle hem bu hüjümler Merkezi Aziýa döwletiniň nebit eksportynda ýeke-täk turbageçirijä garaşlydygyny aýdyň görkezdi.
Bu zarbalar Ukrainanyň bir gün öň Russiýa garşy amala aşyran giň gerimli dron hüjüminden soň boldy. Şol hüjümde Moskwa we Tambow sebitlerindäki logistika merkezleri nyşana alnypdy.
Zelenski bu desgalaryň Russiýanyň dron önümçiligi we nawigasiýa enjamlary üçin sanksiýa girizilen bölekleri üpjün etmekde ulanylandygyny aýtdy.
Russiýanyň resmileri Ukrainanyň hüjüminde Kursk sebitinde bir adamyň ölendigini habar berdiler. Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrligi bolsa Tambow sebitindäki logistika merkezine urlan zarbada ýaralanan 10 adamyň bejergi üçin Moskwadaky ýöriteleşdirilen lukmançylyk merkezlerine geçiriljekdigini aýtdy.