Russiýa Kiýewe ýene giň gerimli zarba urdy

Russiýanyň Kiýewe uran zarbalarynyň netijeleri. 3-nji fewral

Russiýa 3-nji fewrala geçilýän gije Kiýewe, Dnipro, Harkiwe, Odessa we Ukrainanyň beýleki şäherlerine garşy dronlar hem-de raketalar bilen täze giň gerimli hüjümi amala aşyrdy.

Kiýewde köp gatly ýaşaýyş jaýlaryna zeper ýetdi, bir çagalar bagy ýandy. “Ukrainskaýа prawda” ýerli häkimiýetlere salgylanyp, hüjüm netijesinde üç adamyň şikes alandygyny habar berdi. Paýtagtyň häkimi Witaliý Kliçko ýyladyş ulgamsyz galan öýleriň sanynyň 1 müň 170-e ýetendigini aýtdy.

Harkiwiň häkimiýetleri öten agşam Russiýanyň güýçleriniň şäheriň energiýa infrastrukturasyny nyşana alandygyny mälim etdi.

Odessa oblastynyň häkimiýetleri Russiýanyň giň gerimli dron we raketa zarbalary sebäpli sebitiň günortasyndaky energiýa infrastrukturasyna zeper ýetendigini habar berdi. Munuň netijesinde, 50 müňden gowrak ýaşaýjynyň elektrik üpjünçiligi wagtlaýyn kesildi.

Adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň maglumatyna görä, Dnipro şäherinde gijäki zarbalarda bir infrastruktura desgasy, iki sany hususy we üç gatly ýaşaýyş jaý zaýalandy.

Ukrainanyň Harby-howa güýçleriniň maglumatyna görä, Russiýa sişenbä geçilýän gije Ukraina 450 dron we dürli görnüşli raketalary atdy. Harbylaryň gündelik maglumatynda aýdylmagyna görä, jemi 520-den gowrak howa nyşanasy ulanyldy.