Russiýanyň Goranmak ministrligi 22-nji awgust güni irden öten agşam dört pilotsyz uçaryň urlup ýykylandygyny aýtdy.
Olaryň ikisiniň Moskwa sebitinde, beýleki ikisiniň bolsa Moskwanyň 400 km günorta-günbataryndaky Braýank sebitinde urlup ýykylandygy aýdylýar.
Russiýanyň döwlet habar gullugy TASS Moskwanyň üç howa menziliniň - Wnukowo, Domodedowo we Şeremetýewo aeroportlarynyň uçuşlarynyň birnäçe sagatlap togtadandygyny habar berdi, ýöne munyň sebäbini aýtmady.
Moskwanyň howa menzilleriniň uçuşlary ýakynda birnäçe gezek togtadyldy. Häkimiýetler bu ýagdaýy Ukrainanyň pilotsyz uçar hüjümleri bilen baglanyşdyrdylar.