14-nji dekabrda Russiýa Ukrainanyň günorta sebitlerine alty sagadyň dowamynda dronlar bilen hüjüm edip, azyndan 11 adamy, şol sanda üç çagany ýaralady, Odesa regionynyň raýat we port infrastrukturasyna möhüm zeper ýetirdi. Bu barada Ukrainanyň günorta ugry boýunça goranyş güýçleri mälim etdi.
Harby howa hüjüminden goranyş ulgamlary Herson regionynyň üstünde iki drony, Mykolaýewiň üstünde bäş drony we Odesanyň üstünde 32 drony ýok etdi diýip, beýanatda aýdylýar.
Odesada dronlaryň gaçan galyndylarynyň netijesinde onlarça bina zeper ýetdi.
Odesanyň regional häkimi Oleh Kiper hüjümde Izmaýil şäheriniň Danube portundaky iki däne ammaryna hem zeper ýetendigini aýtdy.