Ukrain goşunlarynyň öz çägine eden aňk ediji hüjümine garşy durmak üçin gyssagly goşun çeken Moskwa 12-nji awgustda Ukraina bilen serhetdeş iki sebitde ýaşaýan adamlaryň goşmaça, has köp ewakuasiýa edilmegini buýurdy.
Kursk sebitinden göçürilmeli edilen asuda ilat köpeldilip, 14,000 töweregi ilaty bolan Belowski etrabynyň ilatyny hem öz içine alar diýip, etrap başlygy Nikolaý Wolobuýew telegramda beren habarynda aýtdy.
"Ýagdaý örän dartgynly. Dolgie Budy obasyndaky ýa-da Oboanskiý etrabynyň Buşmeno şäherçesindäki ýygnanmak nokadyna özbaşdak gelip biljek her bir adam gelmeli. Olar awtobuslar üpjün ediler. Şindi hem sebitde galmagyny dowam etidrýän adamlardan haýyş edilýär, sebiti terk ediň" diýip, Wolobuýew ýazdy.
Russiýanyň Goranmak ministrligi 11-nji awgustda Telegramda ýazan ýazgysynda ukrainleriň Kursk sebitiniň içine edýän hüjüminiň togtadylandygyny öňe sürdi.
12-nji awgust güni irden günbatar Belgorod sebitiniň gubernatory Wýaçeslaw Gladkow Telegramda häkimiýetleriň Krasnoýaruž etrabynyň ýaşaýjylaryny, ukrain güýçleriniň bu ýerde görkezýän "işjeňlikleri" sebäpli, "has howpsuz ýerlere" göçürýändigini aýtdy.
Bu ewakuasiýa ukrain goşunlarynyň Russiýanyň içinde 30 km töweregi öňe ilerlän wagtynda bolup, ukrain güýçleriniň bu göçümi 2022-nji ýylyň fewral aýynda başlanan uruşdan bäri iň möhüm hüjüme öwrüldi.
Şeýle-de, Russiýanyň harby güýçleri 12-nji awgustda howa goraglarynyň öten agşam Ukrainanyň günbatar Kursk sebitini nyşana alan 11 pilotsyz uçaryny saklandygyny aýtdy.
Howa goragçylary Belgorod sebitinde Ukrainadan uçurylan bäş pilotsyz uçary we Woronež sebitinde iki sany drony ýok etdi diýip, ministrlik 12-nji awgustda aýtdy. Ýöne ministrlik Ukrainanyň jemi näçe sany pilotsyz uçar ugradandygyny aýtmady.
Ukrain güýçleri Kursk sebitine 6-njy awgustda girdi, bu Moskwanyň iki ýyl gowrak mundan ozal goňşusyna çozup başlan giň gerimli urşundan bäri Kiýewiň iň uly serhetaşa operasiýasy boldy.
Ukrainanyň harby güýçleri serhetden aşyp, Kursk sebitindäki birnäçe ilatly nokady eýeledi. Olaryň Swerdiklikowada we Porozda administratiw binalary ele geçirýän pursatlaryny görkezýän klipler peýda bolup, 5000 töweregi ilatly Sudjada ýygjam söweşleriň bolandygy habar berildi.
Ukrain esgerleri Guewo obasynda rus baýdagyny administratiw binadan aýyrýan pursatlaryny ýazga aldylar.
Moskwa rus häkimiýetlerini gapyllykda basan hüjümi yzyna serpikdirmek üçin ätiýaçdaky esgerler, awiasiýa, tanklar, artilleriýa we pilotsyz uçarlar bilen gaýtawul bermäge howlukdy.
Emma bu gören çärelerine we beýleki tagallalaryna garamazdan, Russiýa 11-nji awgustda Ukrainanyň käbir sebitlerde 30 kilometre çenli öz çägine girip bilendigini boýun aldy.
Rus metbugaty 10-njy awgustda 76,000-den gowrak parahat ýaşaýjynyň serhetýaka sebitlerinden ewakuasiýa edilendigini, ertesi gün bolsa ýene köp adamyň göçendigini habar berdi.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 10-njy awgust güni giçlik ukrain güýçleriniň Kurskdaky öňegidişligini gytaklaýyn tassyk edip, “baş serkerde [Oleksandr] Syrskiden öň hatardaky ýagdaý, goşunyň hereketleri we urşy hüjümçiniň çäginde ýaýbaňlandyrmak tagallalary barada birnäçe habar alandygyny” aýtdy.
Şu aralykda Russiýanyň basyp alan ýerinde, Ukrainanyň günortasyndaky Zaporižýa ýadro desgasynda turan ýangyn "doly öçürildi" diýip, Moskwa tarapyndan bellenen resmi 12-nji awgustda aýtdy.
11-nji awgustda, agşam sagat 8 töwereginde zawodyň sowadyjy diňinde başlanan ýangynyň näme sebäpli turandygy anyk däl.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bu ýangyny Russiýanyň turzandygyny aýtsa, rus resmileri, şol sanda Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Mariýa Zaharowa Kiýewi bilkastdan zawody ýok etmek we "ýadro terrorçylygyny" ekmek synanyşygynda aýyplady.
Halkara atom energiýasy agentliginiň (HAEA) bu ýerdäki wekilleri ýangynyň ýadro howpsuzlygyna ýetiren täsiri barada hiç bir maglumatyň ýokdugyny aýtdylar.