Russiýanyň Kursk sebitiniň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän emeldar 7-nji awgustda Ukrainanyň Sudja şäheriniň golaýyna uran dron zarbalarynda iki adamyň ölendigini aýtdy.
Bir gün öň Moskwa Ukrainany öz serhet sebitine, ýüzlerçe esgeriň ýerleşýän ýerine hüjüm etmekde aýyplapdy. Ukraina bolsa rus dronlarynyň Kiýewe hem-de beýleki ýerlere hüjüm edendigini habar berdi.
Wagtlaýyn häkim Alekseý Smirnow telegramda ýerleşdiren habarynda ukrain dronynyň serhetden 10 km uzaklykda ýerleşýän Sudja şäherinde ýolda barýan bir “Tiz kömek” ulagyna hüjüm edip, iki adamyň ölmegine sebäp bolandygyny aýtdy.
Smirnow sürüjiniň we saglygy goraýyş işgäriniň öldürilendigini, tiz kömek lukmanynyň bolsa ýaralanandygyny aýtdy.
Kiýew Smirnowyň garaşsyz ýagdaýda tassyklap bolmaýan beýanaty bilen bagly hiç bir düşündiriş bermedi.
Şeýle-de, Russiýanyň Goranmak ministrligi bir gün ozal 11 tank we 20-den gowrak sowutly ulag bilen goldanylýan 300-e golaý esgeriň serhetden Kursk sebitine geçip, Nikolaýewo-Darýino hem-de Oleşnýa şäherçeleriniň golaýynda ýerleşýän rus pozisiýalaryna hüjüm edendigini aýdanyndan soň, Smirnow ýaşaýjylaryň gan tabşyrmaklaryny haýyş etdi.
Ukraina bu aýdylanlar barada hiç hili düşündiriş bermedi. Moskwa öz güýçleriniň bu hüjümleri artilleriýa ody, söweş uçarlary we pilotsyz uçarlar bilen yzyna serpikdirendigini, ukrain güýçleriniň ýitgi çekip, yza çekilendigini aýtdy.
Emma muňa garamazdan, Kremle tarapdar bloggerler 7-nji awgustda ukrain güýçleriniň Sudja etrabyndaky Nikolaýewo-Darýinony we Swerdlikowony basyp alandygyny habar berdiler.
Bloggerler ukrain goşunlarynyň bir gün öň Sudja girendigini, Gonçarowka we Oleşna obalaryny ele geçirmäge synanyşýandyklaryny aýtdylar.
Kiýew garaşsyz ýagdaýda tassyklanyp bilinmeýän habarlar barada düşündiriş bermedi.
Russiýanyň Goranmak ministrligi şu aralykda öz howa goraglarynyň 7-nji awgust güni irden Ukrainanyň dört sebitinden uçurylan 11 pilotsyz uçary urandygyny aýtdy.
"Iş başyndaky howa goranyş ulgamlary Belgorod sebitinde üç sany, Kursk sebitinde dört, Woronež sebitinde iki, Rostow sebitinde iki sany pilotsyz uçary saklady we ýok etdi" diýip, ministrlik telegramda beren habarynda aýtdy.
Şu aralykda, Ukraina öz howa goraglarynyň Russiýanyň ýedi sebite ugradan 30 pilotsyz uçarynyň hemmesini urup ýykandygyny habar berdi.
"Kiýew, Hmelnytskiý, Winnytsýa, Mikolaýiw, Herson, Harkow we Çerkasy sebitleriniň asmanyna aralaşan rus dronlarynyň ählisi uruldy” diýip, Harby-howa güýçleriniň serkerdesi, general Mykola Olesçuk aýtdy.
Kiýewde ýere gaçan dron galyndylary bir adama degip, onuň aýagyna şikes ýetirdi.
Asmandan gaçan dron galyndylary Kiýew sebitinde onlarça ýaşaýyş jaýyna we ferma binalaryna zyýan ýetirdi diýip, Kiýewiň sebit dolandyryş gullugynyň başlygy Ruslan Krawçenko 7-nji awgustda habar berdi. Ol paýtagta edilen hüjümiň sekiz sagatdan gowrak dowam edendigini belledi.