Rus harbylary 10-njy aprele geçilýän gije Ukraina 128 hüjüm drony, şol sanda takmynan 85 “Şahed” drony bilen hüjüm etdi diýip, Ukrainanyň howa güýçleri habar berdi.
Deslapky maglumatlara görä, Ukrainanyň howa goragy güýçleri irden sagat 8:00-a çenli dürli görnüşli 113 drony — “Şahed”, “Gerbera”, “Italmas” we beýleki dronlary urup gaçyrdy ýa-da ýolundan saklady.
Hüjümler ýurduň demirgazygynda, günortasynda we gündogarynda hasaba alyndy.
Harbylar howa hüjüminiň şindi tamamlanmandygyny belleýärler: käbir rus dronlary häzirem Ukrainanyň howa giňişligindäki hereketini dowam etdirýär.
Ukrain Ýaragly güýçleriniň maglumatlaryna görä, alty ýerde 14 dron hüjümi hasaba alyndy, ýene ýedi ýerde bolsa urlan dronlaryň galyndylary hasaba alyndy.