Russiýa Ukrainadaky uruşda 315 müň adamyny ýitirdi – ABŞ aňtawy

Ukrainanyň esgeri urlup düşürilen rus wertolýotyna seredýär. Dekabr 2022

Russiýa Ukrainadaky alyp barýan urşunda heläk bolan we şikes alan 315 müň adamyny ýitirdi diýip, ABŞ-nyň aňtaw gulluklarynyň gizlinsezdirilen hasabatynda aýdylýar.

Bu san Russiýanyň konflikti başlan wagtyndaky rus goşunlarynyň umumy sanynyň 80%-ne golaýlaýar diýip, ýagdaýlardan habarly aňtaw çeşmesi 12-nji dekabrda aýtdy.

Hasabatda Moskwanyň şahsy düzüm we harby ulag babatyndaky ýitgileriniň, Russiýanyň harby taýdan döwrebaplaşdyrylmagyny 18 ýyl yza tesdirendigi hem bellenilýär.