Russiýa Ukrainanyň elektrik desgalaryna uly zarba urup, adam ölümine, uly zyýana sebäp boldy

Russiýa 22-nji martda Ukrainanyň energiýa infrastrukturasyna uly zarba urup, azyndan iki adamyň ölmegine, ýurduň iň uly bendine zarba urup, Zaporižýa ýadro desgasynda elektrik liniýasynyň wagtlaýyn kesilmegine, ýurduň beýleki böleklerinde toguň tasdan doly kesilmegine sebäp boldy.

Prezident Wolodymyr Zelenski bu hüjüme 150 pilotsyz uçaryň we raketanyň gatnaşandygyny aýtdy, Ukrainanyň ýaranlarynyň zerur bolan ok-därileri, wajyp ýarag ulgamlaryny ibermegini çaltlaşdyrmagyny haýyş etdi.

Ukrainanyň döwlet gidroenergetika kompaniýasy Ukrhydroenerho Zaporižýadaky, Dnepr deýasyndaky DniproHES gidroelektrik bendiniň iki raketa bilen urlandygyny, zawodyň iki elektrik stansiýasynyň birine zyýan ýetendigini, ýöne bendiň bada-bat bozulmak howpunyň abanmaýandygyny aýtdy.

"Häzirki wagtda bentde ýangyn bar. Gyssagly kömek gullugy bu ýerde birnäçe howa zarbasynyň netijelerini ýok etmek tagallalaryny edýär" diýip, Ukrhidroenerhonyň beýanatynda “ýagdaýlaryň gözegçilik astyna alnandygy” aýdylýar.

“Ukrenerhonyň” müdiri Ihor Syrota Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna HPP-2 elektrik bekediniň abatlanyp bilinmek mümkinçiliginiň entek belli däldigini aýtdy.

"Şu gije Russiýa Ukraina 60-dan gowrak “Şahed" pilotsyz uçary we 90-a golaý dürli görnüşli raketa bilen hüjüm etdi” diýip, Zelenski twitterde, X platformasynda ýazdy. "Dünýä rus terrorçylarynyň alýan nyşanalaryny - elektrik stansiýalary we energiýa üpjünçilik liniýalary, gidroelektrik bentleri, adaty ýaşaýyş jaýlary we hatda trolleýbusy nyşana alýandygyny açyk-aýdyň görýär” diýip, Zelenski aýtdy.

Energetika ministri Herman Haluşenko muny "soňky döwürde Ukrainanyň energetika pudagyna edilen iň uly hüjüm" diýip atlandyrdy we beýleki sebitlerde hem energiýa infrastrukturasynyň nyşana alnandygyny aýtdy.

Harkow, Dnipropetrowsk, Winnytsiýa, Hmelnytskiý, Iwano-Frankiwsk, Poltawa, Odesa we Lwow sebitlerine hem zarba urlandygy habar berildi.

Zaporižýa sebitine urlan 12 zarba bir adamyň ölmegine, birnäçe adamyň ýaralanmagyna we Zaporižiýa ýadro desgasynyň elektrik togunyň bölekleýin kesilmegine sebäp boldy diýip, sebit resmileri 22-nji mart güni irden aýtdylar.

Ukrainanyň energiýa öndürýän kompaniýasy Enerhoatom biraz soň zyýan ýeten elektrik liniýasyny abatlandygyny aýtdy.

"Häzir, wagtlaýyn basylyp alnan Zaporižia NPP, iki elektrik geçiriji liniýa arkaly Ukrainanyň bitewi energiýa ulgamyna birikdirildi" diýip, Enerhoatom Telegramda paýlaşan maglumatynda aýtdy.

Ruslaryň Harkowa atan ýygjam top oklary elektrik we suw ýetmezçiligine sebäp boldy. Sebit harby administrasiýasynyň başlygy Oleh Synyehubow Telegramda "Basyp alyjylar energiýa desgalaryna 15-den gowrak zarba urdy. Şäher düýbünden diýen yşyksyz galdy"diýdi.

Hmelnitskiý sebitiniň ýerli administrasiýasy Russiýanyň uran zarbalaryndan bir adamyň ölendigini we birnäçe adamyň ýaralanandygyny habar berdi, jikme-jiklikleri aýtmady.

Ukrainanyň howa güýçleri howa goragy ulgamlarynyň öten agşam edilen hüjümde Russiýa tarapyndan Ukraina atylan 151 raketanyň we pilotsyz uçaryň 92-sini urandygyny aýtdy.

"Rus raketalary, Ukraina üçin berilýän kömek bukjalaryndan tapawutlylykda, gijä galmaýar. "Şahed" pilotsyz uçarlary, käbir syýasatçylardan tapawutlylykda, karar kabul etmekde ikirjiňlenmeýär. Gijikmegiň we soňa goýlan kararlaryň bahasyna düşünmek gaty möhüm" diýip, Zelenski Günbataryň öz ýurdy üçin has köp tagalla etmeginiň zerurdygyny ýatlatdy.

"Biziň hyzmatdaşlarymyz edil nämäniň zerurdygyny gaty gowy bilýärler. Elbetde, olar bize goldaw berip bilerler. Bular zerur kararlar. Ýaşaýyş Moskwadaky wagşylardan goralmalydyr" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Zelenskiniň aýdan sözleri ÝB liderleriniň Brýusselde geçiren sammitini jemleýän wagtyna gabat geldi. Bu sammitde köp sanly we has gowy enjamlaşdyrylan rus goşunlarynyň barha güýçlenýän hüjüminiň öňüni almaga çalyşýan ukrain güýçlerini ok-däri we ýarag bilen üpjün etmegi çaltlaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Ukrainanyň esasy goldawçysy ABŞ-nyň bermekçi bolýan 60 milliard dollarlyk möhüm harby kömek bukjasy, respublikan oppozisiýa sebäpli, Wekiller palatasynda saklanýar we bu ýagdaý Kiýewiň Ýewropadaky ýaranlarynyň kömegine has köp bil baglamagyna sebäp bolýar.