Russiýa, Ukrainanyň Gara deňizdäki üstünlikleriniň arasynda, deňiz güýçlerinde kadr çalşygyny geçirdi

Russiýanyň goranmak ministri Sergeý Şoýgu

Rus Goranmak ministrligi, Ukrainanyň Russiýanyň Gara deňiz flotuna eden birnäçe üstünlikli hüjüminden soň, özüniň Harby deňiz güýçleriniň ýolbaşçylygynda kadr çalşygynyň bolandygyny tassyklady.

Prezident Wladimir Putin 2-nji aprelde admiral Aleksandr Moiseýewi Harby deňiz güýçleriniň umumy serkerdesi wezipesine bellemek baradaky buýruga gol çekdi.

Wise-admiral Konstantin Kabantsow Moiseýewiň öňki wezipesine, Demirgazyk flotuň başlygy wezipesine bellenildi. Wise-admiral Sergeý Pinçuk bolsa, Gara deňiz flotunyň serkerdesi wezipesine bellenildi.

2022-nji ýylyň fewral aýynda Russiýanyň Ukraina garşy başlan giň gerimli çozuşyndan bäri, Ukraina Gara deňiz flotunyň bäş sany iri gämisini, şol sanda “Moskwa” gämisini we köp sanly kiçi gämini gark etdi.

Ukrain harbylary flotuň baş edarasyna we Sewastopoldaky hem-de Noworossiiskdäki esasy portlara pilotsyz howa zarbalaryny amala aşyrdy.