Russiýa Ukrainanyň harby aňtaw gullugynyň başlygyny gözlenýänleriň sanawyna goşdy

Ukrainanyň Harby aňtaw gullugynyň başlygy Kyrylo Budanow

Russiýanyň Içeri işler ministrligi 14-nji dekabrda Ukrainanyň Harby aňtaw gullugynyň başlygy Kyrylo Budanowy gözlenýän şahslaryň sanawyna goşdy. Oňa bildirilýän aýyplamalar takyklaşdyrylmaýar.

Aprelde Moskwanyň sudy Budanowy “terroristiki topary döretmekde, ýaraglaryň bikanun gaçakçylygynda we terrorizmde” aýyplap, onuň tussag edilmegi boýunça höküm çykarypdy.

Şol pursat, media habarlarynda munuň Kerç köprüsine edilen hüjüm bilen ilteşiklidigi aýdylypdy. Bu köpri 2014-nji ýylda Russiýanyň Ukrainanyň Krym ýarymadasyny anneksirläninden soň, Moskwa tarapyndan gurlupdy.