Russiýa Ukrainanyň Herson we Dnipropetrowsk sebitlerine zarba urdy

Russiýanyň Ukraina urýan zarbalarynyň netijeleri.

Russiýa öten agşamyň dowamynda Ukrainanyň günortasyndaky Herson we Dnipropetrowsk regionlarynyň raýat ifrastrukturasyna we ilatly ýerlerine zarbalary urdy. Bu barada ýerli resmiler 27-nji noýabrda mälim etdiler.

Russiýa soňky 24 sagadyň dowamynda Hersona 56 gezek zarba urdy, munuň netijesinde bir asuda adam ýaralandy diýip, regional häkim Oleksandr Prokudin Telegram kanalynda ýazgy galdyrdy.

Dnipropetrowskde rus zarbalary Nikopol şäherini we onuň töweregine nyşana aldylar diýip, sebit häkimi Serhiý Lysak aýtdy.

“Marhanets şäherine agyr artilleriýa toplary bilen zarba uruldy” diýip, Lysak belledi, şeýle-de adam ýitgileri we weýrançylyk barada entek maglumatyň ýokdugyny sözüne goşdy.