Russiýanyň Federal Howpsuzlyk Gullugy (FSB) amerikan-rus goşa raýatlygy bolan bir aýaly, Ukrainanyň armiýasyna maliýe goldawyny berendigi üçin, dönüklikde şübhelenip saklady. Bu barada 20-nji fewralda rus mediasy habar berdi.
FSB-niň Ýekaterinburg şäheri boýunça bölümi “Russiýanyň we Birleşen Ştatlaryň goşa raýatlygy bolan, Los Anjelesiň ýaşaýjysy, 33 ýaşly bir aýalyň daşary ýurt bir döwletine maliýe hemaýaty bermegini hem öz içine alýan bikanun hereketleriniň öňüni aldy” diýip, rus döwlet habar gulluklary FSB-niň beýanatyny sitirledi.