Russiýada Baky ody söndüren üç özbek oglan ýurtdan çykarylýar

Illýustrasiýa suraty

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherindäki Baky ody söndüren üç özbek oglan, maşgalalary bilen birlikde Russiýadan çykarylar. Bu barada Russiýanyň Içeri işler ministrligi habar berdi.

Bu baradaky karar Fontantka websaýtynda peýda bolan bir wideodan soň kabul edildi. Ol wideoda bir özbek oglanyň ýanyp duran oda gar böleklerini oklap ony söndürişi, beýleki ikisiniň hem onuň hereketlerini goldaýşy gökrezilýär.

Polisiýanyň maglumatyna görä, bularyň ikisi 10 we 14 ýaşyndaky doganlar, ýene biri hem 12 ýaşyndaky oglan bolupdyr. Polisiýa olary Russiýada degişli dokumentsiz ýaşaýan “goňşy döwletleriň biriniň raýatlary” diýip häsiýetlendirdi.

Fontanka we Baza oglanlaryň maşgalalarynyň Özbegistandan bolandygyny aýdýarlar.