Russiýada gulçulykda saklanan iki özbegistanly azat edildi

Bezeg suraty

Russiýanyň Stawropol sebitiniň polisiýasy ýerli ýaşaýjy tarapyndan 6 aý gulçulykda saklanan iki özbegistanlyny azat etdi.

Stawropol sebitiniň Şpakowskiý etrabynda bir bagçylyk jemgyýetiniň agzasy, pensioner adam 2022-nji ýylyň aýagynda özüniň 31 we 52 ýaşly dostlary bilen, hojalyk işleri üçin kömekçi tapmak kararyna gelipdir diýip, rus metbugaty habar berýär.

Olar häzir şahsyýeti kesgitlenmedik bir adam bilen habarlaşyp, ondan Özbegistanyň iki raýatyny 20 000 rubla (200 dollardan gowrak) satyn alypdyrlar. Olaryň satyn alan adamlary - 31 ýaşly erkek we 27 ýaşly aýal Russiýa gazanç etmek üçin, bikanun ýagdaýda gelipdir. Olar ýaşuly fermeriň, gul eýesiniň mellek ýerinde alty aýlap, polisiýa bu ýagdaýdan habar tapýança, ýer işläp-bejermeli boldular.

Pesnioneriň garşysyna jenaýat işi açyldy, ol adamy bikanun azatlykdan mahrum etmek we bikanun migrasiýany gurnamak maddalarynda aýyplanýar.

Ýer eýesi deslapky tussaghana ýerleşdirildi, onuň 31 ýaşly dosty bolsa öý tussaglygynda galdyryldy.

Jenaýat işine dahylly bolan üçünji adam iýun aýynda aradan çykdy. Adam satmak bilen meşgullanýan şahs polisiýa tarapyndan gözlenilýär.