Russiýanyň Derňew komiteti täjigistanly bloggere ýigrenji öjükdirmek aýyplamasy boýunça iş açdy. Onuň bir wideoda “slaw milletine mahsus aýallary kemsidendigi” bellenilýär, bloggeriň özi muny ret edýär.
“Ostorožno, Nowosti” we “Shot” Telegram kanallarynyň maglumatyna görä, asly Täjigistandan bolan, Salmon Jumaboý diýlip tanyşdyrylan gürrüňi gidýän şahs Moskwada ýaşaýar.
Telegram kanallary onuň wideolaryň birinde “golaýda ähli rus gyzlary biziňki bolar” diýip çykyş edendigini ýazýarlar.
Jumaboý wideonyň başga biri tarapyndan ýasalandygyny we ondaky sesiň özüne degişli däldigini aýdýar.