Türkmen aktiwistleri Mälikberdi Allamyradowyň ýitirim bolmagynda Aşgabady aýyplaýarlar

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Russiýada ýaşaýan türkmen aktiwisti Mälikberdi Allamyradow ýitirim boldy, ol 4-nji dekabrdan bäri egindeşleri bilen aragatnaşyga çykmaýar. Allamyradow türkmen talyplarynyň hukuklaryny gorap eden protest çykyşlary bilen tanalýar. Egindeşleri aktiwistiň Tükmenistanyň ýörite güýçleri tarapyndan alnyp gaçylandygyna ynanýarlar. Ýitirim bolmagyndan iki hepde öň, ol “Migrant Media” proýektine interwýu berdi. Žurnalist bilen söhbetdeşlikde ol, Türkmenistanyň häkimiýetleriniň onuň sem bolmagyny isleýändiklerini aýtdy.

Wideo “Migrant media” we Azatlyk tarapyndan taýýarlandy.