Russiýanyň Wladiwostok şäheriniň, parahorlykda aýyplanyp 12 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen, ozalky häkimi Ukrainadaky uruşda harbylaryň hatarynda gulluk etmek üçin, türmeden boşadyldy.
Öňki häkim Oleg Gumenýugyň aklawçysynyň 14-nji ýanwarda beren maglumatyna görä, müşderisiniň geçen ýylyň aýagynda harbylar bilen şertnama baglaşandan soň, onuň häzirki bolýan ýeri belli däl.
Mundan öň, Ukrainadaky uruşda harby gulluk geçmek üçin, Hakasiýa regionynyň häkiminiň ozalky orunbasary Sergeý Nowikow we Uzak Gündogardaky Bolşoý Kamen şäheriniň öňki häkimi Rustýam Abuşaýew hem türmeden boşadylypdy. Olaryň ikisi-de korrupsiýa aýyplamalarynda günäli tapylyp, tussaglyga höküm edilipdiler.