Figuraly typma boýunça russiýaly belli ýetginjek türgen Kamila Waliýewa gadagan edilen kuwwatlandyryjylary, ýagny doping serişdelerini ulanany üçin dört ýyl möhlet bilen ýaryşlardan çetleşdirildi.
Munuň bilen, Russiýanyň toparynyň 2022-nji ýylda Pekinde geçirilen Olimpiýa oýunlarynda alan altyn medaly ABŞ-ly komanda geçirildi.
“Kamila Waliýewa dopinge garşy düzgünleri bozdy we 2021-nji ýylyň 25-nji dekabryndan başlap dört ýyl möhlet bilen çetleşdirildi” diýip, düýbi Şweýsariýada ýerleşýän Sport boýunça Arbitraž sudy 29-njy ýanwarda mälim etdi.
Häzir 17 ýaşyndaky Waliýewada gadagan edilen doping serişdeleri 2021-nji ýylyň dekabrynda anyklandy. Bu onuň altyn medaly alanyndan soň belli boldy.