Russiýalylar Döwlet Dumasynyň deputatlaryny saýlamak üçin ses berýärler. Ýurtda 2022-nji ýylda Ukraina garşy giň gerimli çozuşyň başlanmagyndan bäri geçirilýän ilkinji parlament saýlawy dowam edýän urşuň we ykdysady ösüşiň haýallamagynyň kölegesinde geçýär.
18–20-nji sentýabr aralygyndaky ses berişlige ilkinji bolup, wagty Moskwanyňkydan dokuz sagat öňde bolan Ýuwaş umman sebitindäki Kamçatkanyň saýlawçylary başladylar. Parlamentiň 450 orunly aşaky palatasynyň täze düzümi baradaky resmi netijeleriň 22-nji sentýabra çenli yglan edilmegine garaşylýar.
Dumada, şeýle-de ýurduň beýleki kanun çykaryjy edaralarynda we sebit häkimiýetlerinde agdyklyk edýän, Kremle bagly "Bitewi Russiýa" partiýasynyň köplügini saklap galmagyna ýa-da has-da artdyrmagyna garaşylýar.
Kazan şäherinde Duma saýlawlarynda ses bermäge çagyrýan tatar dilindäki ýazgy. Kreml resmileri saýlawçylaryň ses berişlige gatnaşygyna üns bilen gözegçilik edýärler.
Prezident Wladimir Putiniň çärýek asyrdan hem gowrak wagt öň häkimiýete gelmeginden bäri Kreml başgaça pikirleri barha berk basyp ýatyrdy, syýasy garşydaşlaryny çetleşdirdi we saýlawlary öz bähbidine ugrukdyrdy. Bu bolsa garaşylmadyk netijelere mümkinçilik galdyrmady diýen ýaly.
Şol bir wagtda, eýýäm bäşinji ýylyna giren giň gerimli urşa garşy çykýan ýeke-täk belli syýasy partiýa ses berişlige birnäçe hepde galanda saýlawlara goýberilmedi.
Kremliň ilatyň biperwaýlygyndan we nägileliginden howatyrlanýan mahalynda Putin russiýalylary ses bermäge çagyrdy we saýlawy urşa berilýän goldawyň görkezijisi hökmünde häsiýetlendirdi. Günbatary Russiýany gowşatmaga ýa-da ýok etmäge synanyşmakda ýygy-ýygydan aýyplaýan Putiniň bu çagyryşy uruşdaky uly ýitgileriň fonunda ýaňlandy. Günbataryň hasaplamalaryna görä, bu uruşda 1,5 milliondan gowrak rus harbysy öldi ýa-da ýaralandy.
Degişli maglumat
Russiýanyň Ukraina çozuşyndan bäri geçirilýän ilkinji Duma saýlawlary: Olar barada nämeleri bilmeli"Siziň saýlawyňyz we erk-islegiňiz millionlarça adamyň goşunlarymyzyň arkasynda durýandygyny, biziň umumy gymmatlyklar, taryhy ýat we Watana bolan söýgi bilen birleşen bitewi halkdygymyzy ýene bir gezek görkezýär. Bizi bölmek ýa-da gorkuzmak, özygtyýarlylygymyza ýa-da jemgyýetçilik-syýasy ulgamymyza zeper ýetirmek hiç kime başartmaz" diýip, Putin 16-njy sentýabrda ýaýradylan çykyşynda aýtdy.
Russiýanyň häkimiýetleri Ukrainanyň Moskwanyň öz çägi diýip yglan eden bäş sebitiniň rus basybalyjylygyndaky böleklerinde hem saýlaw uçastoklaryny açdylar. Kiýew bu ädimi ýazgardy.
Dumanyň düzüminde düýpli üýtgeşmelere garaşylmasa-da, Kremliň we içerki syýasaty kesgitlemekde uly täsiri bolan Prezident administrasiýasynyň netijeleri ilatyň keýpiniň nähilidigine düşünmek üçin üns bilen seljermegine garaşylýar.
Russiýada başgaça pikirlenmegi ýa-da urşa garşy çykmagy jenaýat hasaplaýan basyş syýasaty jemgyýetçilik pikirini öwrenmegi kynlaşdyrýar. Muňa garamazdan, birnäçe pikir soraýyş Putine hem-de "Bitewi Russiýa" partiýasyna berilýän goldawyň azalýandygyny görkezdi.
Putiniň özi 2024-nji ýylda gaýtadan prezident saýlandy. Şol ses berişligiň netijesi öňünden belli hasaplanylýardy we onda galplaşdyrmalaryň bolandygyny görkezýän deliller ýüze çykypdy.
Ikinji jahan urşundan bäri Ýewropadaky iň uly uruş bolan bu konfliktiň uzaga çekmegine sabyr-takady gutarýan russiýalylaryň sany artýar. Russiýanyň bu uruşda ölen we ýaralanan harbylarynyň umumy sany Moskwanyň 1945-nji ýyldan bäri alyp baran ähli uruşlarynda çeken şeýle ýitgilerinden hem köp.
Ukrainanyň umumy ýitgileri has az bolsa-da, olar hem örän ýokary.
Harby serkerdeler rus goşunlarynyň söweş meýdanyndaky hereketlerini yzygiderli örän oňyn görkezýärler. Kreml hem ýeňşiň gazanyljakdygyna gaýta-gaýta ynam bildirýär.
Russiýalylar Putiniň 2022-nji ýylyň sentýabrynda buýruk beren mobilizasiýasyna meňzeş ýene bir harby mobilizasiýanyň yglan edilmek mümkinçiliginden hem aladalanýarlar. Şonda, esasan ätiýaçlykdaky harbylardan ybarat bolan 300 müň erkek gulluga çagyrylypdy. Bu çäre rus jemgyýetinde uly sarsgyn döredip, ýüzlerçe müň adamyň ýurtdan çykyp gitmegine getiripdi.
Şol bir wagtda, ykdysady ösüş ep-esli haýallady. Ozal birnäçe aýlap dowam eden ýokary ösüş hökümetiň uruş bilen bagly çykdajylarynyň, şol sanda harbylaryň aýlyklaryna, ölen harbylaryň maşgalalaryna töleglere we ýarag önümçiligine gönükdirilen serişdeleriň hasabyna gazanylypdy.
Merkezi bank garaşylandan ep-esli ýokary bolan inflýasiýany jylawlamakda kynçylyk çekýär.
Ukrainanyň dronlar we raketalar bilen amala aşyrýan giň gerimli zarbalary Russiýanyň dürli ýerlerinde ýangyç ýetmezçiligine sebäp boldy we ýurduň iň iri onlaýn söwda kompaniýalarynyň işini bökdedi.
Russiýanyň özara agzalalykdan we basyşlardan ejir çekýän oppozisiýasy ilaty urşa garşy çykyş edýän islendik dalaşgäre ses bermäge çagyrdy.
Emma ýurduň iň belli liberal syýasy partiýasy bolan «Ýabloko» formal sebäp bilen Duma saýlawlaryna dalaşgär hödürlemekden mahrum edildi. «Ýabloko» saýlaw kampaniýasy üçin urşa garşy maksatnama kabul edipdi. Käbir pikir soraýyşlar bolsa oňa berilýän goldawyň birden ep-esli artandygyny görkezipdi.