Russiýanyň aňtaw başlygy Nawalnynyň ‘tebigy sebäplerden’ ölendigini aýdýar

Russiýanyň Daşky Aňtaw gullugynyň (SWR) başlygy Sergeý Naryşkin

5-nji martda Russiýanyň Daşky Aňtaw gullugynyň (SWR) başlygy Sergeý Naryşkin oppozision syýasatçy Alekseý Nawalnynyň tebigy sebäpleriň netijesinde ölendigini aýtdy. Bu onuň prezident Wladimir Putiniň ganym duşmanynyň ölümi boýunça dünýädäki gahar-gazapdan ünsi sowmak synanyşygy bolandygyna çalym edýär.

Naryşkin bu belliklerini Russiýanyň döwlet telewideniýesinde etdi. Ol ölümiň sebäbini agzamady.

“Ir-u-giç durmuş gutarýar we adam ölýär” diýip, ol belledi we “Nawalny tebigy sebäplerden öldi” diýip, sözüne goşdy.

Günbatar liderleriniň köpüsi 16-njy fewralda Nawalnynyň Aktik türmesinde ýogalmagyna, umuman, Putiniň jogapkärdigini aýtdylar. Kreml bu aýyplamalary ret edýär.