Russiýanyň Başkortostan respublikasynda müňlerçe protestçi aktiwistiň azat edilmegini talap etdi

Müňlerçe protestçi aýazly sowuk howa şertlerine hem garamazdan, açyk howada aýak üstünde durdular.

15-nji ýanwarda Russiýanyň Başkortostan respublikasynyň Baýmak şäherinde müňlerçe adam jemlenip, tussaglykdaky aktiwist Fail Alsynowyň azat edilmegini talap etdiler. Alsynow ýigrenji öjükdirmek aýyplamalary boýunça sud edilýär. Ol we onuň goldawçylary bulary ret edip, aýyplamalaryň syýasy matlaplydygyny aýdýarlar.

Protesçileriň käbiri ulagynyň içinde oturan bolsa, galan müňlerçesi aýazly sowuk howa şertlerine hem garamazdan, açyk howada aýak üstünde durdular. Olar “Fail Alsynowa azatlyk”, “Fail, biz seniň bilendiris”, “Biz adaty adamlar, biz ýany ýene köp bolar” diýen ýaly şygarlary gygyrdylar.

Protestçiler prezident Wladimir Putiniň adyna ýüzlenme okap, onda Başkortostanyň lideri Radiý Habirowyň wezipesinden çetleşdirilmegini talap etdiler.

Alsynowyň sud diňlenişigi ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilýär.