Russiýanyň Dnipro uran zarbalarynda ençeme adam, şol sanda bir bäbek ýaralandy

Russiýanyň Ukraina urýan zarbalarynyň netijeleri (arhiw suraty)

4-nji iýunda irden Russiýa Ukrainanyň günorta-gündogaryndaky Dnipro şäherine raketalar bilen hüjüm etdi. Bu barada regional häkim Serhiý Lysak mälim etdi we zarbalarda asuda ilatyň arasyndan birnäçe adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

Ol Ukrainanyň howa hüjüminden goranyş gulluklarynyň iki raketany urandygyny, emma ýere gaçan galyndylarynyň netijesinde ýanygynyň dörändigini hem sözüne goşdy.

“Hüjümiň netijesinde ýaşaýjylar ýaralandy. Olaryň arasynda çagalar hem bar. 1 aýlyk bäbegiň ýagdaýy kadaly... 17 ýaşly bir oglan keselhanada, aram ýagdaýda. 68 ýaşly bir erkek kişi, şeýle-de 32, 36 we 56 ýaşlaryndaky üç aýal maşgala hem ýaralandy” diýip, Lysak nygtady.