Russiýanyň Ukrainanyň gündogaryndaky Donetsk regionunyň Selydowe şäherine zarba urmagy netijesinde, azyndan bir adam heläk boldy. Bu barada Ukrainanyň içeri işler ministri Ihor Klymenko 15-nji noýabrda mälim etdi.
Klymenko häzire çenli weýran bolan köp gatly ýaşaýyş jaýyň harabalarynyň aşagyndan bir aýalyň jesediniň tapylandygyny aýtdy.
“Bäş adam, şol sanda bir çaga halas edildi” diýip, ol sözüne goşdy we halas ediş işleriniň dowam etdirilýändigini aýtdy.